Şu gün, 14-nji aprelde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde V Açyk halkara matematika olimpiadasyna (OMOUS — 2025) badalga berildi. Gatnaşyjylar ilki uniwersitetiň girelgesinde ýadygärlik surata düşdüler we özleri üçin gurnalan sergä aýlandylar. Soňra uniwersitetiň mejlisler zalynda ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarydyr mugallymlary, we olimpiadaçy talyplardyr myhmanlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly açylyş dabarasy boldy.
Daşary ýurtly talyplaryň ýurdumyza gelip gatnaşmagynda bu halkara olimpiada indi üçünji gezek geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin 8 döwletden, has takygy, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan, Polşa, Eýran Yslam Respublikalaryndan, Indoneziýa, Hindistan, Rumyniýa döwletlerinden we Birleşen Arap Emirliklerinden ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça okaýan talyplar paýtagtymyza geldiler. Olimpiada Türkmenistanyň we ýokarda ady agzalan döwletlerden jemi 57 sany ýokary okuw mekdeplerinden 552 talyp gatnaşýar.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek maksady bilen guralýan bu halkara olimpiada şahsy we toparlaýyn görnüşlerde geçirilýär. Şahsy bäsleşik «A» we «B» derejelerde geçirilip, «A» derejä matematika we oňa ýakyn ugurlarda okaýan talyplar, «B» derejelä bolsa beýleki hünärlerden bilim alýan talyplar gatnaşýarlar.
Halkara olimpiadanyň bellenen tertipdäki 6 sany meseläni çözmek üçin şahsy gatnaşyjylara 4 sagat (240 minut) wagt berilýär. Düzgünnama boýunça toparlaryň düzümi aýry-aýry ýokary okuw mekdepleriň talyplaryndan hem düzülip bilýär. Şeýle-de toparlaýyn bäsleşikde 10 meseläni çözmek üçin 2 sagat (120 minut) wagt berilýär.
Onuň emin agzalary ýurdumyzyň we bäsleşige gatnaşýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybaratdyr. Olimpiadanyň netijesi şahsy we toparlaýyn bäsleşikde toplanan utuklaryň jemi boýunça kesgitlener. Ýeňijiler altyn, kümüş we bürünç medallar hem-de, degişlilikde, 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar, şeýle-de belli bir meseläni üýtgeşik usul bilen çözen talyp ýörite baýrak bilen sylaglanar. Mundan başga-da, tapawutlanan talyplara höweslendiriji baýraklar gowşurylar.
18-nji aprelde öz işini tamamlajak halkara olimpiadanyň maksatnamasy giň gerimli çäreleri öz içine alýar. Onuň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzyň gözel künjeklerine, şol sanda muzeýlere, söwda we dynç alyş merkezlerine, şeýle-de «Nusaý» ýadygärlikler toplumyna gezelençleri guramak göz öňünde tutulýar.