Ýurdumyzda bahar paslynyň ilkinji günleri Halkara zenanlar güni mynasybetli guralýan dabaralara beslenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirýän dabaralar mährem enelere, gelin-gyzlara döwlet derejesinde goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar ge­lin-gyz­la­ry­nyň hor­ma­ty­na bu nu­ra­na baý­ra­ma ba­gyş­la­nyp, ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de gu­ral­ýan da­ba­ra­lar ze­nan­la­ryň eziz Wa­ta­ny­my­za bo­lan söý­gü­si­ni, eş­ret­li dur­mu­şa, bag­ty­ýar döw­rü­mi­ze buý­san­jy­ny has-da art­dyr­ýar. Äh­li ul­gam­lar­da zäh­met çek­ýän ge­lin-gyz­la­ra, ça­ga­lar bag­la­ryn­da ter­bi­ýe­len­ýän gyz­ja­gaz­la­ra, ta­lyp ge­lin-gyz­la­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyn­dan Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li pul sow­gat­la­ry­nyň gow­şu­ryl­ma­gy, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de oka­ýan gyz­la­ryň ara­syn­da gu­ral­ýan «Ta­lyp gö­ze­li» bäs­le­şi­gi­niň je­mi­niň jem­le­nil­me­gi, da­ba­ra­ly mas­la­hat­la­ryň, aý­dym-saz­ly çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi bu şan­ly se­nä­niň giň­den bel­le­nil­me­gi­ne döw­let de­re­je­sin­de äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Da­ba­ra­ly mas­la­hat­lar­da­ky çy­kyş­lar­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, mer­da­na ze­nan­lar maş­ga­la­nyň da­ýan­jy­dyr, ah­lak gö­zel­li­gi­niň nus­ga­sy­dyr, öý-ojak­la­ryň ýa­ra­şy­gy­dyr. Wa­ta­ny­myz­da ze­nan­la­ra uly sar­pa go­ýul­ma­gy, ola­ryň mer­te­be­si­niň be­lent tu­tul­ma­gy göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­lar­dan alyp gaýd­ýan mil­li ýö­rel­ge­le­riň hä­zir­ki döw­rüň ru­hu­na ky­bap de­re­je­de ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­dir.
Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­dä­ki, we­la­ýat­lar­da­ky se­ýil­gäh­ler­de, me­de­ni-bi­lim ojak­la­ryn­da aý­dym-saz­ly baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri, çe­per­çi­lik ser­gi­le­ri, bäs­le­şik­ler, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry gu­ral­ýar. Mu­nuň özi Wa­ta­ny­my­zyň at-ab­ra­ýy­nyň be­len­de gö­te­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýan ge­lin-gyz­la­ryň mer­te­be­si­niň he­mi­şe be­lent tu­tul­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri, mil­li mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de bi­ti­ren aý­ra­tyn hyz­mat­la­ry, zäh­met­de, jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça çek­ýän yh­las­ly zäh­me­ti na­za­ra al­nyp, öň­de­ba­ry­jy ze­nan­la­ry «Ze­nan kal­by» or­de­ni bi­len sy­lag­la­mak, köp ça­ga­ly ene­le­re «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly ady dak­mak, köp ça­ga­ly maş­ga­la­la­ra tä­ze, döw­re­bap jaý­la­ryň açar­la­ry­ny gow­şur­mak asyl­ly dä­be öw­rül­di. «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da-da bu ýö­rel­ge­le­riň do­wam et­di­ril­me­gi ze­nan­la­ryň jem­gy­ýet­de eýe­le­ýän or­nu­na, ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­çy­lyk, zäh­met­sö­ýer­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek ug­run­da ed­ýän ta­gal­la­la­ry­na be­ril­ýän my­na­syp ba­ha­dyr. Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nü­niň hor­ma­ty­na gu­ral­ýan çä­re­ler­de tu­tuş hal­ky­my­zyň mäh­ri­ban ene­le­ri­mi­ze, ge­lin-gyz­la­ry­my­za bo­lan buý­san­jy, söý­gü­si öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de ge­lin-gyz­la­ry­myz wa­tan­sö­ýü­ji­lik, maş­ga­la oja­gy­na we­pa­ly­lyk, asyl­ly­lyk ýa­ly türk­men ze­nan­la­ry­na mah­sus hä­si­ýet­le­ri baý­dak edi­nip, bu ýö­rel­ge­le­riň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar. Bu bol­sa ola­ryň jem­gy­ýet­de eýe­le­ýän or­nu­nyň pug­ta­lan­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär.