Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary netijesinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň sagdyn, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak baradaky çözgüt ilatyň saglyk ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna berilýän uly ünsüň aýdyň beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýakynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, saglygy goraýyş edaralarynyň ylmyň soňky gazanan döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, olarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy babatda anyk tabşyryklar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli saglygy goraýyş ulgamynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, öňüni alyş çärelerini işjeňleşdirmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky giň gerimli işleriň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap anyklaýyş we sagaldyş merkezleri, halkara ölçeglere laýyk gelýän hassahanalar, şypahanalar, ýerli çig maldan dermanlyk serişdeleri, lukmançylyk maksatly önümleri öndürýän kärhanalar gurulýar. Şeýle hem Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça başlangyç amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Şolaryň hatarynda Aşgabat şäherindäki köpugurly hassahana, Tejen şäherindäki etrabara köpugurly hassahana, Daşoguz şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi bar.
Alyp barýan uly işlerini, şeýle hem saglygy goraýyş babatda jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň esasynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakyldy. Bu ýokary adyň dakylmagy saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini diýseň buýsandyrdy.
Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramaga aýratyn ähmiýet berilýär. Sanlyja ýylyň içinde Watanymyz dünýäniň ösen saglygy goraýyş ulgamly döwletleriniň hataryna goşuldy. Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen we gurluşygy dowam edýän saglygy goraýyş merkezleri munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Bu desgalarda innowasion tehnologiýalaryň, dünýä belli kompaniýalaryň enjamlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, türkmen hünärmenleriniň dünýäniň iri lukmançylyk merkezlerinde hünär taýýarlyklaryny geçmekleri ilata hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, ýokanç we ýokanç däl keselleriniň öňüni almaga, takyk anyklaýyş we bejergi işlerini geçirmäge, ilatyň ortaça ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzyň dürli künjeginde guruljak täze saglygy goraýyş desgalary döwletimizde kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni baş şygar edinýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň beýanydyr.
Aýbölek PERDÄÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.