Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda mynasyp dowam etdirilýän bazar ykdysadyýetiniň durmuş ugurly nusgasyny döretmek strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, milli önüm öndürijileriň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Ýurdumyzda iş bilen üpjünçiligi has doly derejede üpjün etmek maksady bilen raýatlary işe ýerleşdirmek babatda netijeli döwlet syýasaty alnyp barylýar. Raýatlara durmuş goraglylygynyň ygtybarly kepillendirmeleri berilýär. Sebitleri ösdürmek babatda hem netijeli işler alnyp barylýar. Täze senagat, energetika, ulag-aragatnaşyk düzümleri döredilýär. Döwrebap şäherçeler we obalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary, önümçilik kärhanalary ulanmaga berlip, bu işler üstünlikli dowam etdirilýär.
Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu döwürde jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy. Şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 5 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 10 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Bölek satuw haryt dolanyşygy 13,2 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8,5 göterim ýokarlandy. Häzirki wagtda döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işler alnyp barylýar. Üstünlikli amala aşyrylýan sebit we milli derejedäki maýa goýum taslamalary oňyn netijesini berýär. Munuň özi Diýarymyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkidilmegine ýardam berýär. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, golaýda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga we ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga gowy şert döredýär.
«Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 40 milliard 72 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döreder. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 3 müňden gowrak bolar. Ýakynda «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa esasynda täze, döwrebap iş orunlaryny döretmäge, ilatymyzyň iş bilen üpjünçiligini has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikler döreýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we depginli durmuş-ykdysady ösüşler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli pugtalandyrylmagy, işjeň maýa goýum syýasaty esasynda täze önümçilikleriň açylmagy, amatly işewürlik gurşawynyň döredilmegi raýatlaryň durmuş goraglylygyny berkitmäge, ilatyň maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, hususan-da, iş bilen üpjünçiliginiň derejesiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.
Muhammet SERDAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.