Ha­me­le­on­lar te­bi­ga­tyň iň tä­sin jan­dar­la­ry­nyň bi­ri­dir. Köp­lenç halk ara­syn­da ýel ýa­ly öw­süp, üýt­gäp du­ran ada­ma «ha­me­le­on» di­ýil­ýär. Hä­si­ýe­ti taý­dan dur­nuk­syz ada­myň ha­me­leo­na meň­ze­dil­me­gi ýö­ne ýer­den däl. Se­bä­bi haž­žy­ga meň­zeş bu jan­dar tiz-tiz­den reň­ki­ni üýt­ge­dip dur­ýar. Bir seretseň ha­me­leo­nyň de­ri­si­niň reň­ki gök bol­sa, bir görseň gy­zyl, az sa­lym­dan bol­sa ýa­şyl öw­ser. Umu­man, bu jan­da­ryň «köý­nek ça­lyş­ma­sy­na» dü­şü­ner ýa­ly däl.
Ha­me­le­on köp ýyl­lar­dan bäri daş­ky gör­nü­şi­ni üýt­get­me­giň us­sa­dy ha­sap­lan­ýar. Özü­ne çe­ki­ji bu haž­žyk beý­le­ki jan­dar­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da her dür­li reňk­de öw­süp dur­ýar. Ha­me­leo­nyň de­ri­sin­de na­no öl­çeg­de (has ki­çi) reňk we kris­tal öý­jük­le­ri (pig­ment) bar. Bu reňk öý­jük­le­ri äpet haž­žy­gyň de­ri­si­niň dür­li reňk­de gö­rün­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.
Ha­me­leo­nyň oňur­ga­sy­nyň üs­ti we göw­re­si­niň aşak ta­ra­py syh-syh ti­ken­li bo­lup, mon­juk ýa­ly da­şy­na çy­kyp du­ran gö­zi bar. Kel­le­si tu­wul­ga­ly (baş­gap) bu jan­da­ryň 3 bar­ma­gy bo­lup, öň aýa­gyn­da­ky bar­mak­la­ry gys­gyç ýa­ly ýa­py­lyp, aga­jyň şa­ha­syn­dan berk ýa­pyş­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Uzyn guý­ru­gy­ny tu­ta­waç hök­mün­de ulan­ýan ha­me­le­on­lar adat­ça ýe­ke ýa­şa­ýar­lar. Ha­me­leo­na tro­pik to­kaý­lar­da, esa­san hem, aga­jyň şa­ha­syn­da «uk­lap otur­şy­na» duş gel­mek bol­ýar.
Bu süý­re­ni­ji­niň be­de­ni­niň uzyn­ly­gy 20-40 san­ti­metr ara­ly­gyn­da bol­ýar. Aw aw­la­ma­gyň us­sa­dy ha­sap­lan­ýan bu jan­dar­lar göw­re­si­niň iki es­se­si­ne uzal­ýan di­li bi­len mör-mö­jek­le­ri ýel­meş­di­rip «gar­ny­ny do­ýur­ýar­lar». Di­li bi­len duý­dan­syz hü­jüm edip bil­ýän bu haž­žy­gyň göz­le­ri bi­ri-bi­ri­ne ga­raş­syz he­re­ket edip, 360 de­re­jä çen­li daş-tö­we­re­gi gö­rüp bil­ýär. Çe­kirt­ge, ke­be­lek, hu­da­ýa­ty, tom­zak we ga­ryn­ja ha­me­leo­nyň esa­sy iý­mi­ti ha­sap­lan­ýar. Adat­ça örän ha­ýal he­re­ket ed­ýän ha­me­leo­ny syn­la­n adamlarda «Şu jan­dar di­ri­mi­kä?» di­ýen sowal döreýär.

Nä­me üçin reň­ki­ni üýt­ged­ýär?
Köp adam ha­me­leo­nyň reň­ki­ni üýt­get­me­gi­niň se­bä­bi­ni daş­ky gur­şa­wa öw­re­niş­mek we howp­dan go­ran­mak üçin di­ýip dü­şün­ýär­ler. As­lyn­da, bu süý­re­ni­ji­ler ara­gat­na­şyk we duý­du­ryş ber­mek mak­sa­dy bi­len daş­ky gör­nü­şi­ni üýt­ged­ýär­ler. My­sal üçin, bir ha­me­le­on beý­le­ki bir ha­me­leo­ny gö­re­nin­de, il­ki­baş­da açyk we my­la­ýym reňk­de bol­ýar. Bi­ri-bi­ri bi­len gap­ma-gar­şy­ly­ga gi­rensoň bol­sa, duý­du­ryş ber­mek mak­sa­dy bi­len daş­ky gör­nü­şi sa­rym­tyl-mä­mi­şi ýa-da gy­zyl reň­ke öw­rül­ýär.
Köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ha­me­leo­nyň reň­ki­ni üýt­get­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly bar­lag­lar ge­çi­ril­di. Bar­lag­la­ra gö­rä, bu jan­da­ryň daş­ky gör­nü­şi­ni üýt­get­me­gi de­ri­sin­dä­ki pig­ment öý­jük­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­lydyr öý­dül­ýär­di. Şeý­le-de bol­sa, Şweý­sa­ri­ýa­da­ky Ge­nui uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry ha­me­le­on­da bo­lup geç­ýän bu ama­lyň pig­ment­den baş­ga-da, na­nok­ris­tal­lar (örän ki­çi kris­tal öý­jük­ler) bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Bu kris­tal­lar pig­ment öý­jük­le­ri bi­len bir­lik­de sa­ry, gy­zyl, mä­mi­şi reň­kiň eme­le gel­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. As­lyn­da, ha­me­leo­nyň de­ri­sin­de ýa­şyl pig­ment ýok. Em­ma na­nok­ris­tal­lar pig­ment­le­re tä­sir edip, ýa­şyl reň­kiň şöh­le­len­me­gi­ne tä­sir ed­ýär. Alym­lar bu ha­dy­sa­ny il­ki mik­ros­kop bi­len, soň­ra komp­ýu­ter si­mul­ýa­si­ýa­sy bi­len hem tas­syk­la­dy­lar. Ha­me­le­on­lar di­ňe bir reň­ki­ni üýt­ged­ýän «ja­dy­göý­ler» bol­man, eý­sem, na­no­teh­no­lo­gik aý­ra­tyn­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän jan­dar­lar­dyr. Ma­da­gas­kar ada­sy ha­me­le­on­la­ryň me­ka­ny ha­sap­lan­ýar. Ýer ýü­zün­de reň­ki­ni üýt­ged­ýän haž­žy­gyň 217 gör­nü­şi bar. Ha­me­le­on­la­ryň 96 gör­nü­şi Ma­da­gas­ka­ryň en­de­mik jan­dar­la­ry bo­lup, di­ňe şol ýer­de duş gel­ýär.