Hy­ta­ýyň de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­da­ky Heý­lunsz­ýan we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zi şä­he­ri Har­bin dün­ýä­niň iň so­wuk şä­her­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Sun­ga­ri der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän bu şä­her­de ho­wa sal­kyn bo­lup, gyş pas­ly 4-5 aý­lap do­wam ed­ýär. Şä­her öz göz­ba­şy­ny XIX-XX asyr­lar­dan alyp gaýdýar. Il­ki­baş­da ba­lyk­çy­la­ryň ki­çi­jik oba­sy bo­lan Har­bin rus­la­ryň Hy­ta­ýyň de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­dan de­mir ýol ge­çir­me­gi bi­len şä­he­re öw­rül­ýär. Har­bin sö­zi «ak­ja», «ba­lyk tor­la­ry­ny gu­rat­mak üçin ýer» di­ýen ma­ny­lar­dan ge­lip çyk­ýar. 6 mil­li­on tö­we­re­gi ila­ty bo­lan bu şä­he­riň ady­nyň bir­nä­çe ma­ny­sy bar. Şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň esa­sy bö­le­gi hy­taý­ly­lar bo­lup, man­çu, hui, mon­gol we rus mil­let­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne hem duş gel­mek bol­ýar. Tut­ýan meý­da­ny 53 müň ine­dör­dül ki­lo­metr­den gow­rak bo­lan Har­bin şä­he­ri hä­zir­ki wagt­da gu­ry ýer, suw we ho­wa gat­naw­la­ry­nyň se­bit mer­ke­zi ha­sap­lan­ýar.
Har­bi­niň gaý­ta­dan iş­len­ýän se­na­ga­tyn­da dä­ne­li önüm­ler, so­ýa, gant şu­gun­dy­ry we bug­daý esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Şeý­le hem de­ri önüm­le­ri we sa­byn ön­dür­ýän bir­nä­çe za­wod­lar bar. 1950-nji ýyl­lar­dan soň şä­her­de ma­şyn­gur­lu­şyk, me­tal­lur­gi­ýa we mag­dan se­na­ga­ty, oba ho­ja­lyk en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän za­wod­lar hem ösüp baş­la­ýar. Har­bin­de ne­bit ýa­tak­la­ry hem bar. Go­laý­da Har­bin­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly ösüş zo­la­gy dö­re­dil­di. Şä­her­de her ýyl ge­çi­ril­ýän söw­da ýar­mar­ka­sy Ýew­ro­pa ýurt­la­ry bi­len Hy­ta­ýyň ara­syn­da­ky söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­ýär.
Har­bi­niň ýer­li me­de­ni­ýe­ti man­çu we rus me­de­ni­ýe­ti bi­len ut­ga­şyp, han me­de­ni­ýe­ti­ne esas­lan­ýar. Me­de­ni­ýet­le­riň bu ut­gaş­ma­sy ýer­li bi­na­gär­lik ähe­ňi­ne, aş­pez­çi­lik sun­ga­ty­na, aý­dym-saz me­de­ni­ýe­ti­ne we däp-des­sur­la­ra tä­sir ed­ýär. Har­bin dün­ýä­de aý­dym-saz şä­he­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. 1908-nji ýyl­da dö­re­di­len Har­bin sim­fo­niki or­kest­ri Hy­ta­ýyň iň ga­dy­my aý­dym-saz or­kest­ri ha­sap­lan­ýar. Har­bin 2010-njy ýyl­da ÝU­NES­KO ta­ra­pyn­dan «Aý­dym-saz şä­he­ri» diý­lip yk­rar edil­ýär. 1961-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän Har­bin to­mus­ky aý­dym-saz aýy (kon­sert) hem iň gy­zyk­ly çä­re­le­riň bi­ri­dir. Buz şä­he­ri aş­pez­çi­lik sun­ga­ty bi­len hem meş­hur­dyr. Har­bin şä­her gast­ro­no­mi­ýa­syn­da ka­ka­dy­lan gy­zyl şöh­la­ty bi­len ta­nal­ýar. Har­bin aş­ha­na­syn­da Ýew­ro­pa we De­mir­ga­zyk Hy­taý na­har­la­ry esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Ýe­ral­ma we et­den gow­ru­lyp taý­ýar­lan­ýan «Guo Bao Rou» bi­len ba­lyk­dan bug­la­nyp bi­şi­ril­ýän «De­mo­li» Har­bi­niň nus­ga­lyk ta­gam­la­ry ha­sap­lan­ýar. Mun­dan baş­ga-da, Har­bin aş­ha­na­syn­da ba­lyk­dan, to­wuk­dan, kö­me­lek­den we de­ňiz önüm­le­rin­den taý­ýar­lan­ýan ta­gam­la­ra esa­sy orun be­ril­ýär. Har­bi­niň çö­rek­ bişirilýän kärhanalarynda rus di­lin­dä­ki «hleb» sö­zün­den al­nan «da­le­ba» – ul­la­kan te­ge­lek çö­rek bi­şi­ril­ýär. Şä­her­de Ýew­ro­pa, rus we ýer­li stil­de hyz­mat­lar hö­dür­len­ýän res­to­ran­lar bar.
Buz we gar festiwaly
Aşa so­wuk ho­wa­sy bi­len ta­nal­ýan Har­bin gyş pas­lyn­da «Buz şä­he­ri» diý­lip ta­nal­ýar. Şä­her­de uzak wagt­lap do­wam ed­ýän gyş pas­lyn­da ho­wa­nyň or­ta­ça de­re­je­si -17 de­re­je bo­lup, kä­te
45 de­re­jä çen­li so­wa­ýar. Tom­su­na ho­wa­nyň de­re­je­si or­ta­ça 23 de­re­je­ ýyly sak­lan­ýar. Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ta­ry­hy bi­na­la­ry­na meň­zeş des­ga­la­ry bo­lan bu şä­her­de sy­ýa­hat­çy­lyk we me­de­ni gat­na­şyk­lar esa­sy orun eýe­le­ýär. Bu şä­her­de 1985-nji ýyl­dan bä­ri Har­bin hal­ka­ra buz we gar heý­kel­ta­raş­ly­gy fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär. Har­bi­ne tom­su­na şy­pa­ha­na­lar­da dynç al­mak üçin we gy­şy­na buz heý­kel­le­ri­ni syn­la­mak üçin müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy bar­ýar. Bu şä­her­de sy­ýa­hat­çy­la­ry haý­ran gal­dy­r­ýan uzyn­ly­gy 500 met­re ýet­ýän dün­ýä­niň iň uly ýa­pyk ly­ža se­ýil­gä­hi hem bar. Har­bin 2004-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk do­lan­dy­ryş eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan «Hy­ta­ýyň iň ýo­ka­ry sy­ýa­hat­çy­lyk şä­he­ri» diý­lip saý­lan­dy. Har­bin dün­ýä­niň iň go­wy 50 şä­he­ri­niň bi­ri­dir.