Ýurdumyzyň edermen babadaýhanlary Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

8-nji iýul­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Serdar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýe­wiň hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da we se­bit­ler­de al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin iş­le­riň bar­şy bi­len bag­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy.
We­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri se­bit­ler­de möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýyg­na­lan ha­sy­ly gal­la ka­bul ediş no­kat­la­ryn­dan ele­wa­tor­la­ra, am­mar­la­ra da­şa­mak, orak­dan bo­şan meý­dan­lar­da sü­rüm iş­le­ri­ni ge­çir­mek we ýer­le­ri in­di­ki ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar­la­mak, gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin bug­daý to­hum­la­ry­ny taý­ýar et­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam ed­ýär. Döw­le­te tab­şy­ry­lan bug­daý üçin önüm ön­dü­ri­ji­ler bi­len ha­sap­la­şyk­lar öz wag­tyn­da ge­çi­ril­ýär. We­la­ýat­la­ryň go­wa­ça eki­len meý­dan­la­ryn­da ösüş su­wu­ny tut­mak, ha­ta­ra­ra be­jer­gi, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Ýe­ral­ma­nyň, beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­niň ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak we ila­ta ýe­tir­mek, bu ekin­le­riň güýz­ki eki­şi­ne taý­ýar­lyk gör­mek iş­le­ri ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, hä­kim­ler ýur­du­my­zy 2022–2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­lar­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän me­de­ni-dur­muş, önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Bal­kan we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň hä­kim­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oba zäh­met­keş­le­ri üçin dö­red­ýän amat­ly şert­le­rin­den ruh­la­nan eder­men daý­han­la­ryň Wa­tan har­ma­ny­na bug­da­ýyň be­re­ket­li ha­sy­ly­ny tab­şy­ryp, şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ren­dik­le­ri ba­ra­da­ky hoş ha­ba­ry aýt­dy­lar hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za we türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ber­ýän yzy­gi­der­li ün­si üçin se­bi­tiň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň adyn­dan ho­şal­lyk bil­dir­diler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, eder­men gal­la­çy­la­ryň Wa­tan öňün­dä­ki şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ren­dik­le­ri­ni, mu­nuň bol­sa ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny has-da ber­kit­mek­de mö­hüm ädim­le­riň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Döwlet Baştutanymyz ga­za­nan bu zäh­met ýeň­şi bi­len Bal­kan we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň gal­la­çy­la­ry­ny tüýs ýü­rek­den gut­lap, tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew ýur­du­myz­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň he­ma­ýat-gol­daw­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň gal­la­çy daý­han­la­ry ta­ra­pyn­dan Wa­tan har­ma­ny­na 1 mil­li­on 200 müň ton­na­dan gow­rak bug­daý ha­sy­ly tab­şy­ryl­dy. Ýur­du­myz­da hä­zir­ki wagt­da gal­la ora­gy do­wam edip, ýyg­na­lan ha­sy­ly gal­la ka­bul ediş no­kat­la­ryn­dan am­mar­la­ra, ele­wa­tor­la­ra da­şa­mak hem-de ola­ry ta­la­ba­la­ýyk ýer­leş­dir­mek, önüm ön­dü­ri­ji­ler bi­len döw­le­te tab­şy­ry­lan ha­syl üçin ha­sap­la­şyk­la­ry öz wag­tyn­da ge­çir­mek, in­di­ki ekiş möw­sü­min­de ula­nyl­jak bug­daý to­hu­my­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li çä­re­ler gö­rül­ýär. Go­wa­ça eki­len meý­dan­lar­da pag­ta­çy daý­han­lar ta­ra­pyn­dan ha­ta­ra­ra be­jer­gi, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
We­la­ýat­la­ryň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len ýe­ral­ma­nyň, beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­niň ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak, bu önüm­ler bi­len ba­zar­la­ry­my­zy bo­le­lin üp­jün et­mek, önüm­le­ri so­wa­dy­jy am­mar­la­ra ýer­leş­dir­mek, şu ýy­lyň güýz pas­lyn­da bu ekin­le­riň ekil­jek ýer­le­ri­ni ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Da­şo­guz we Le­bap we­la­ýat­la­ry­nyň şa­ly eki­len meý­dan­la­ryn­da ideg iş­le­ri, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da bol­sa güýz­lük gant şu­gun­dy­ry­ny ek­mek, ekiş ge­çi­ri­len ýer­ler­de gö­ge­riş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, us­sat gal­la­çy­la­ry­my­zyň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len bug­daý ha­sy­ly­nyň soň­ky dä­ne­si­ne çen­li ýyg­na­lyp alyn­ma­gy­ny, ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da­ky ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­riň ta­la­ba­la­ýyk ge­çi­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy wi­se-prem­ýe­re tab­şyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, oba ho­ja­lyk iş­gär­le­ri­niň yh­las­ly zäh­me­ti bi­len ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni, bu ugur­da gal­la­çy daý­han­la­ry­my­zyň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dy­gy­ny aýt­dy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hä­zir­ki wagt­da jo­gap­kär­li möw­süm bo­lan gal­la ora­gy­nyň ta­mam­la­nyp bar­ýan­dy­gy­na ün­si çe­kip, eder­men gal­la­çy­la­ryň bug­da­ýyň her bir dä­ne­si­ni yr­ýa et­män ýyg­nap al­jak­dyk­la­ry­na berk ynam bil­dir­di.

* * *

10-njy iýul­da ýur­du­my­zyň ýe­ne-de iki we­la­ýa­ty­nyň – Ahal hem-de Le­bap we­la­ýat­la­ry­nyň gal­la­çy­la­ry aja­ýyp zäh­met ýeň­şi­ni ga­zan­dy­lar. Olar Wa­tan har­ma­ny­na, de­giş­li­lik­de, 400 müň we 310 müň ton­na­dan gow­rak bug­daý ha­sy­ly­ny tab­şy­ryp, şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.
Eder­men gal­la­çy­lar hormatly Prezidentimize hem-de türk­men hal­ky­nyň Milli Liderine oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek ug­run­da ed­ýän ta­gal­la­la­ry, daý­han­la­ryň ne­ti­je­li zäh­met çek­mek­le­ri ba­bat­da dö­re­dil­ýän şert­ler üçin ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, oba zäh­met­keş­le­ri teh­ni­ki en­jam­lar, mi­ne­ral dö­kün­ler, ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar hem-de hi­mi­ki se­riş­de­ler bi­len üp­jün edil­ýär. Döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­lar yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýar, tab­şy­ry­lan ha­syl üçin ha­sap­la­şyk­lar öz wag­tyn­da ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň özi bu jo­gap­kär­li möw­sü­miň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­re bes­len­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.
Dür­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bug­da­ýyň döw­let sa­tyn alyş nyr­hy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny sa­tyn al­mak, beý­le­ki çyk­da­jy­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin daý­han bir­le­şik­le­ri­ne, kä­ren­de­çi­le­re, te­le­ke­çi­le­re be­ril­ýän ýe­ňil­lik­li karz­lar eke­ran­çy­la­ryň zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­ni art­dyr­ýar. Bu­lar­dan baş­ga-da, «Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň» we beý­le­ki giň ge­rim­li dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ryň çäk­le­rin­de äh­li we­la­ýat­lar­da daý­han­la­ryň dur­mu­şy­ny düýp­li öz­gerd­ýän iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­nuň özi eder­men daý­han­la­ry­my­za ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.