Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalygy pudagynda oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler maksatnamasynyň netijesinde oba hojalygynda üstünlikler gazanylýar, ýerden bol hasyl alynýar. Daýhanlaryň zähmetiniň netijelerini jemläp, türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenip geçilýär. Oba zähmetkeşleriniň gazanýan üstünliklerini alamatlandyrýan Hasyl toýunda edermen daýhanlarymyzyň maňlaý derini döküp, irginsizlik bilen yhlasly çeken zähmetleriniň miweleri göz öňüňe gelýär.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän şu ýyl ýurdumyzda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi we ýygnaldy. Azyklyk däne ýygnamak boýunça döwlet borçnamalaryny ýerine ýetiren türkmen gallaçylary ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Şeýle hem ýurdumyzyň edermen oba zähmetkeşleri «ak altynyň» hem bol hasylyny aldylar. Miwe, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ösdürip ýetişdirdiler. Daýhanlaryň bu gazanan üstünlikleri ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk mukaddes baýramyna mynasyp sowgat boldy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip düzülen we durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň sebitlerini ösdürmek boýunça milli maksatnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, oba ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin ägirt uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Oba hojalyk ýerleriniň suw üpjünçiligini we meliorasiýasyny gowulandyrmak, obasenagat toplumynyň tehnikalarynyň üstüni ýetirmek üçin uly möçberde maýa goýumlary bölünip berilýär. Şu maksatlar bilen dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar.
Şunuň bilen birlikde, ylmy seçgiçilige, gowaçanyň çalt ýetişýän we ýokary hasyl berýän täze sortlaryny döretmäge uly üns berilýär. Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, takyk ekerançylyk ulgamyny, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny girizmek, daýhan hojalyklarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, kärendeçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Oba zähmetkeşleri ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň binýadyny berkidýärler hem-de ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň eksportyny gyşarnyksyz artdyrmak üçin ähli şertleri döredýärler.
Şeýle hem ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmäge türkmen işewürler düzümleri hem uly goşant goşýarlar. Milli Liderimiziň telekeçiligi goldamak babatda alyp barýan syýasatynyň netijesinde türkmen telekeçilerine ýer bölekleri bölünip berilýär. Olar bu ýerde pagta, bugdaý we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekip, bol hasyl almak ugrunda tagalla edýärler. Şu ýylyň dowamynda türkmen telekeçileri tarapyndan 9 müň 162 gektar meýdanda gök-bakja ekinlerini ekmek we ondan 174 müň 407,5 tonna hasyl almak, 13 müň 246 gektar meýdanda 70 müň 523 tonna miwe we üzüm ýetişdirmek işleri meýilleşdirildi. Mundan başga-da, 1 müň 300 gektar meýdanda 5 müň 110 tonna ýag alynýan ösümlikleri, 11 müň 159 gektar meýdanda 51 müň 526,5 tonna mekgejöwen, 13 müň 930 gektarda 15 müň 846 tonna azyklyk dänäni ösdürip ýetişdirmek babatda degişli işleriň alnyp barylmagy ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine, dürli oba hojalyk önümlerine bolan islegiň kanagatlandyrylmagyna önjeýli goşant bolar.
Umuman, oba zähmetkeşlerini yzygiderli goldamak üçin ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýyldan başlap, döwlet tarapyndan bugdaýyň we pagtanyň satyn alnyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Daýhan birleşikleriň sürüm meýdanlaryndan bugdaýy, pagtany we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirip, döwlete tabşyrmaga degişli bolan, şeýle hem gök we bakja ekinlerini, ýeralmany, üzümi we miweli agaçlary ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredildi. Şu gaznalardan paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, ýurdumyzyň beýleki ýuridik taraplaryna hem-de raýatlaryna 99 ýyla çenli möhlet bilen ýer bölekleri ulanmaga berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri netijesinde ýurduň oba hojalyk pudagy ýokary derejeli ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda Hasyl toýunyň bellenmegi, oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň çeken zähmetine ýokary baha berip, olaryň sylaglanmagy daýhanlaryň ruhuny belende göterýär. Şeýle uly işleriň we gazanylýan üstünlikleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Aba ÇARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.