6-njy oktýabrda ir bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän we edermen gahrymanlarymyza çuňňur buýsanjyň, halkymyzyň beýik geçmişine hormatynyň belent nyşanyna öwrülen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna geldi. Şol gün – Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatladylar. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.

Ha­ty­ra gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de Döw­let baý­dak­la­ry aşak dü­şü­ril­di, hem­me ýer­de aýat-tö­wir okal­dy, sa­da­ka­lar be­ril­di. Ha­ty­ra gü­nün­de «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­na gül goý­mak çä­re­si ge­çi­ril­di. Ha­ky­da mil­le­ti­mi­ziň ýa­şaý­şy­nyň aý­ryl­maz ru­hy bö­le­gi­dir. Ol ne­sil­le­ri bi­rik­dir­ýän berk ýö­rel­ge bol­mak bi­len di­ňe bir göz­baş­la­ry­my­zy we däp-des­sur­la­ry­my­zy go­rap sak­la­mak däl, eý­sem, ta­ry­hy tej­ri­bä­niň esa­syn­da mil­le­tiň tä­ze yk­ba­ly­ny, ýag­ty gel­je­gi­ni gur­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ha­ty­ra gü­ni mil­le­ti bir­leş­dir­ýär we je­bis­leş­dir­ýär.
Türk­men hal­ky­myz hä­zir­ki wagt­da hem ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ge­çi­ril­ýän ýo­ka­ry ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dyr.
«Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta-gün­ba­tar bö­le­gin­de ýer­leş­ýär. Bu top­lum mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ba­ky şöh­ra­ty­nyň we eder­men­li­gi­niň aý­dyň ala­ma­ty bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan­ly­la­ryň bi­ziň pa­ra­hat we bag­ty­ýar dur­mu­şy­myz ug­run­da ja­ny­ny gur­ban eden­le­ri sar­pa­la­ma­gy be­lent ruh­ly ne­sil­le­ri­mi­ziň do­wa­mat­ly­ly­gy­ny bag­la­nyş­dyr­ýan ýö­rel­ge bo­lup dur­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­ýär. Ýur­du­my­zyň gah­ry­man­la­ry­nyň ýa­dy­gär­li­gi­ni ha­ty­ra­la­mak kök­le­ri­ni asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan çuň­ňur yn­san­per­wer ýö­rel­ge bo­lup, türk­men hal­ky­nyň ru­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir.
Ha­ty­ra gü­nün­de adam­za­dyň ta­ry­hyn­da iň weý­ran­çy­lyk­ly ýer­tit­re­me­le­riň bi­ri bo­lan 1948-nji ýy­lyň Aş­ga­bat ýer­tit­re­me­sin­de gur­ban bo­lan­lar hem ýat­la­nyl­ýar.

5-nji okt­ýabr­dan 6-njy okt­ýab­ra ge­çi­len gi­je bo­lup ge­çen pa­jy­ga­ly wa­ka türk­men paý­tag­ty­ny weý­ran et­di. Hä­zir­ki wagt­da döwlet Baştutanymyzyň tä­ze­çil sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de paý­tag­ty­myz Ýer ýü­zü­niň owa­dan şä­her­le­ri­niň bi­ri­ne, se­bit we äh­lu­mu­my hyz­mat­daş­ly­gyň mer­ke­zi­ne, iri hal­ka­ra çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Türk­men paý­tag­ty­nyň en­çe­me bi­na­la­ry ab­raý­ly bi­na­gär­lik bäs­le­şik­le­ri­niň sy­lag­la­ry­na my­na­syp bol­dy. Bu­la­ryň hem­me­si Aş­ga­ba­dyň ösü­şin­de ga­za­ny­lan ägirt uly üs­tün­lik­le­riň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­niň ýe­ne bir aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Her bir türk­me­nis­tan­ly şeý­le gys­ga döw­rüň do­wa­myn­da gö­zü­mi­ziň al­nyn­da bo­lup ge­çen be­ýik öz­ge­riş­lik­le­re buý­san­ýar. Ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de Ha­ty­ra gü­ni my­na­sy­bet­li dür­li çä­re­ler gu­ral­ýar. Şol çä­re­ler­de ýaş­la­ra gah­ry­man­çy­ly­gy, gaý­duw­syz­ly­gy bi­len türk­me­niň geç­miş ta­ry­hyn­da öç­me­jek yz gal­dy­ryp gi­den şah­sy­ýet­le­ri­mi­zi ha­ty­ra­la­ma­gyň, hor­mat­la­ma­gyň hal­ky­my­zyň asyr­ma-asyr aşyp gel­ýän däp-des­sur­la­ry­nyň esa­sy öze­ni­di­gi ba­ra­da gy­zyk­ly gür­rüň­ler be­ril­ýär. Şeý­le çä­re­ler we wa­gyz-ne­si­hat mas­la­hat­la­ry türk­men ýaş­la­ry­ny wa­tan­çy­lyk duý­gu­syn­da ter­bi­ýe­le­mek­de mö­hüm bo­lup dur­ýar.
Ta­ry­hy­myz­da öç­me­jek yz go­ýan şah­sy­ýet­le­ri­mi­zi ýat­la­ma­ga, hor­mat­la­ma­ga, ola­ryň Wa­tan üçin, hal­ky­myz üçin bi­ti­ren be­ýik iş­le­ri­ni ýaş ne­sil­le­re gi­ňiş­le­ýin wa­gyz et­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, alyp bar­ýan döw­let äh­mi­ýet­li, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Oraz ORAZ­NI­ÝA­ZOW,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.