Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine 5 ýyl dolýar. Mundan 5 ýyl ozal, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen düýbi tutulan Haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwer işleriň nyşanyna öwrüldi. Bu sene müňlerçe çaganyň ykbalynda täze sahypanyň açylan günüdir.
Gysga wagtyň içinde Gazna özüniň netijeli işleri bilen çagalaryň penasyna öwrüldi. Döwletimiziň geljegi bolan ýaş nesliň saglygyny goramak, olaryň beden we ruhy taýdan kämil bolmagyny gazanmak Gaznanyň esasy maksadydyr. Gaznanyň hasabyna ýurdumyzyň öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezlerinde ýüzlerçe çylşyrymly operasiýalar geçirildi. Ýürek-damar keselleri we beýleki keseller bilen kesellän çagalar täze ömre gadam basdylar. Gazna tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki hassahanalara, şol sanda welaýat çagalar hassahanalaryna täze we döwrebap «Tiz kömek» ulaglarynyň onlarçasy sowgat berildi.
Sebitiň deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheri bolan Arkadag şäherinde ýerleşýän we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi bu ugurdaky iň uly taslamalaryň biridir. Häzirki zaman innowasion lukmançylyk enjamlary çagalarda sagaldyş-dikeldiş döwründe bejerginiň has netijeli bolmagyny üpjün edýär. Bu ýerde çagalaryň terbiýelenmegi, bilim we dynç almagy üçin hem ähli mümkinçilikler döredilendir.
Gaznanyň işi diňe bir lukmançylyk kömegi bilen çäklenmän, hemaýata mätäç çagalaryň sport bilen meşgullanmagyna, hünär öwrenmegine we medeni çärelere gatnaşmagyna hem mümkinçilik berýär. Dürli baýramçylyklarda Gazna tarapyndan berilýän sowgatlar her bir çaganyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy halkara hyzmatdaşlygyny hem ösdürýär. Gurama ynsanperwerlik işlerine işjeň gatnaşýar. Has takygy, Gazna Täjigistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Ukrainanyň, Russiýanyň, Owganystanyň we Palestinanyň çagalaryna sowgatlary, dermanlary, çagalar üçin eşikleri we azyk önümlerini ýollady.
Gazna dürli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar. Olaryň hatarynda Sun Szinlin adyndaky gazna (Hytaý), Geýdar Aliýew gaznasy (Azerbaýjan), Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bar. 2025-nji ýylyň 9-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka ýurdumyz boýunça haýyr-sahawat işiniň gerimini giňeltmekde möhüm ädim boldy. Öňde has uly maksatlar, has köp çagalaryň bagtyýar geljegi dur. Bu ýol sahawatlylygyň, mertligiň we egsilmez mähriň ýoludyr.
Hydyr ABAKOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň medeniýet we metbugat bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
PDF









