Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy özüniň asylly işini üstünlikli dowam etdirýär we öz gerimini giňeldýär. 4 ýyl mundan ozal döredilen hem-de merkezi Arkadag şäherinde ýerleşýän haýyr-sahawat gaznasynyň ilkinji şahamçasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylar.
Habar berlişi ýaly, häzirki döwre çenli tutuş ýurdumyzda 700-den gowrak çaga lukmançylyk operasiýalary geçirilip, olara ýatymlaýyn şertlerde bejergiler amala aşyryldy. Şu ýylyň ýanwar–oktýabr aýlarynda näsag çagalaryň 163-sinde operasiýa geçirildi. Mundan başga-da, 900-e golaý çaga dikeldiş-bejergi işleri ýerine ýetirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden hem-de berýän peýdaly maslahatlaryndan ugur alnyp, gaznanyň milli ynsanperwerlik ýörelgelerini esasy ugur edinýän işini has-da kämilleşdirmek we onuň gerimini giňeltmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ösüp gelýän nesiller baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz baradaky aladadyr. Amala aşyrylýan bu işler watandaşlarymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurda taryhy işleri durmuşa geçirýän haýyr-sahawat gaznasynyň işleri has-da ilerledilýär hem-de halkara hyzmatdaşlykda möhüm tapgyrlara eýe bolýar.
Dawut ATAJANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









