(Tymsal)
Bir adam her hepdäniň ýekşenbe güni şäheriň merkezindäki uly bazara baryp, adamlara nädip pul gazanmalydygy barada öwüt-ündew edýän eken. Bu suhangöý adamyň şan-şöhraty töwerek-daşa dolupdyr.
Bir gün agşam çagy onuň öýüne üç adam gelipdir-de, şeýle diýipdir:
– Gardaşym, biziň bilşimizçe, siz nädip pul gazanmalydygy barada nesihat edýärsiňiz. Biz siziň şöhratyňyzyň baýlyk toplamaga mümkinçilik berendigine birjik-de şübhelenmeýäris. Eýsem, siz öz toplan baýlygyňyzdan biziň zerurlyklarymyz, çagalarymyza gerek bolan harajatlarymyz üçin az-kem berip bilmersiňizmi?
– Dostlarym, ine görşüňiz ýaly, meniň-ä şu ýorgan-düşegimden, halyçamdan we şu suwly küýzämden başga hiç zadym ýok. Mende pul nireden bolsun? – diýip, ol adam ör-gökden gelipdir.
Ýaňky gelenler oňa ýigrenç bilen seredipdirler. Gitmek üçin ýerlerinden turanlarynda bolsa, olaryň gapydan iň sonky çykyp barýany az salym aýak çekip, şeýle diýipdir:
– Ýalançy, kezzap diýsänim. Öz berjaý edip bilmeýän zadyňy ile öwredip, öwüt-ündewem eden bolýarmyň?!
Hälki adam näme diýjegini bilmän, ýüzüni aşak salyp oturyberipdir.
«Başarmajak işiňe ýapyşma».
«Göz görenine amal eder».