Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny öňkülerden hem giň, hem-de has ýokary derejede möhüm ähmiýete eýe boldy. Dünýäde bolup geçýän üstünlikli ösüşler, tehnologiýalaryň ösmegi we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň giňemegi zenanlara täze mümkinçilikleri döredýär. Şeýlelikde, zenanlar diňe bir maşgala dolandyryşynyň däl, eýsem, jemgyýetiň syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeniýet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynyň işjeň gatnaşyjysyna öwrüldi. Bu barada şu ýylyň dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatda hem giňden ara alnyp maslahatlaşylar.
Zenanlaryň bilimli bolmagy häzirki döwrüň baş talabydyr. Bilim we hünär üstünlik gazanmagyň ýoluny açýar, netijede olaryň jemgyýetde täsirli orny has-da berkeýär. Häzirki wagtda zenanlaryň köpüsi dürli wezipelerde işleýärler, senagat hem-de biznes ulgamynda täze başlangyçlary öňe sürýärler, ylmy açyşlara gatnaşýarlar.
Şeýle-de bolsa, häzirki zaman jemgyýeti zenanlar üçin diňe bir mümkinçilikleriň giňelmegi bilen çäklenmeýär, eýsem, deňlik, hukuklaryň üpjün edilmegi ýaly möhüm meseleleri hem öňe sürýär. Zenanlaryň zähmetleriniň bahalandyrylmagy, olaryň hukuklarynyň goralmagy we jemgyýetde gender deňligini üpjün etmek şol maksatlaryň biridir.
Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlar jemgyýetiň ösüşine güýçli itergi berýän döredijiligi, yhlasy we zehini bilen ösüşiň möhüm daýanjyna öwrülýärler. Zenanlaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagy döwrüň talaby bolup, ösüşiň we ösüşe bolan ynamyň möhüm ýörelgesine öwrülýär.
Roza GAÝYPOWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň
Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri.
PDF









