Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllyk toýuny ýokary derejede belläp geçer. Bu şanly baýramçylyk Bitaraplyk syýasatymyzyň Ýer ýüzünde has-da dabaralanmagyna ýardam eder.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri iň ýokary derejede geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Baş Assambleýanyň Kararnamasynda beýan edilen pugta, durnukly hem-de adalatly dünýäni gurmak işinde halkara bileleşiginiň erk-islegini ösdürmek hem-de muňa iş ýüzünde uzak möhletli itergi bermek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Parahatçylyk we ynanyşmak» atly halkara forumyny geçirmek barada karar kabul edildi. Aşgabatda geçiriljek bu ýokary derejeli forum üçin ýörite web sahypasy hem döredildi. Türkmen, iňlis we rus dillerinde bolan köp dilli web sahypasy forum barada, şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasaty, ösüş strategiýasy we bilim, saglygy goraýyş, ylym ýaly dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri barada giňişleýin maglumatlary berýär. Bu abraýly halkara çäre üçin sanly merkez hökmünde hyzmat edýän web sahypasy diňe bir forumyň guralyşyny goldamak bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejede hem-de dünýä arenasynda parahatçylygyň we bitaraplygyň tarapdary hökmünde Türkmenistanyň abraýyny ýokarlandyrýar.
Bu möhüm wakalaryň ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda dürli milli we halkara çäreleri hem guralýar.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Aşgabatda geçiriljek Halkara forum bitaraplyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleriniň häzirki dünýäde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmek üçin näderejede netijeli ulanylyp biljekdigi barada pikir alyşmak üçin esasy meýdança bolar.
Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda üç gezek ýörite Kararnamalar bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy içerki durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarymyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarymyzyň syýasy-hukuk çelgisi bolup hyzmat edýär, hemişelik Bitaraplygyň ýurduň esasy syýasy daýanjyna öwrülmegi Milli Liderimiziň başyny başlan «Açyk gapylar» syýasatyny hormatly Prezidentimiziň dowam etdirmegi, milli bähbitlere esaslanýan ýörelgeleri döretmekde we durmuşa geçirmekde oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply jebis hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ileri tutýan strategik ugry bolup durýandygyny belleýär. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat strategiýasynyň gyşarnyksyz ugry bolan hyzmatdaşlygyň parahatçylykly ýoly ýadawsyz tagallalary, düýpli başlangyçlary talap edýän we döredijilikli gözlegler bilen dowam etdirilýän ösüş ýoludyr. Düşünişmäge we ylalaşmaga çalyşmak bu syýasy ugurda çözgütleri gazanmaga ýardam berýän esasy şertdir. Şu ugruň üstünlikli dowam etdirilmegine döwletimiziň hemme syýasy guramaçylyk diplomatik ykdysady mümkinçilikleri gönükdirilendir. Biziň ýurdumyzda içeri we daşary syýasatyň esasy many-mazmuny parahatçylykly ösüşiň üstünlikli taraplaryny açyp görkezmekden ybaratdyr.
Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulmazlyk Hereketi we beýlekiler bilen köpugurly hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan daşary syýasatyň esasy ugry bolup durýar. Häzirki wagtda dünýäniň birnäçe döwletleriniň parlamentleri bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň arasynda ýola goýan gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek, bu gatnaşyklara yzygiderli häsiýet bermek, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisinde dünýäniň onlarça döwletiniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlary hereket edýär. Şol bir wagtyň özünde BMG-niň ösüş maksatnamasy ÝUNISEF, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy we bu guramanyň beýleki ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär.
Ymamguly Rejepow,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistranty,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy,
Meret Meredow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.