Hytaýda mekdeplerde birinji çärýegiň tamamlanmagy bilen berilýän 8 günlük jogabyň birinji ýarymynda şäherara syýahat eden ýolagçylaryň sany 1,24 milliarda ýetdi. Ýurduň ulag ministrliginiň berýän maglumatyna görä, 4-nji oktýabrdaky ýolagçylaryň sany geçen ýyldakydan 6,1% ýokary bolup, 301,29 milliona ýetipdir. Güýzki jogabyň birinji çärýeginde bolsa, günde ortaça 310 million ýolagçy şäherara ulag serişdelerinden peýdalanypdyr.
Demir ýol ulaglarynda syýahat eden ýolagçylaryň sany bolsa, geçen ýylyň degişli döwründäkiden 4,5 göterim ýokarlanyp, 18,33 milliona, deňiz ýol gatnawy bolsa 5,6% artyp, 1,91 milliona, howa ýoly arkaly gatnaw 4,1% artyp, 2,32 milliona ýetipdir.
Awtoýollar arkaly gatnaw geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 6,2% artyp, 278,73 milliona ýetipdir. Güýzki dynç alyş döwründe ýurduň iri şäherlerine we syýahatçylyk merkezlerine has köp barlandygy mälim edildi. Dynç alyş döwründe 2,36 milliard ýolagçyny şäherara gatnawy amala aşyrmagyna garaşylýar.