Het-trik bilen başlan Messi Dünýä Kubogynyň iň köp gol geçiren rekordyna şärik boldy

16

Dünýä Kubogynyň häzirki eýesi Argentina hem ilkinji duşuşygyny geçirip, çempionata bu gezek super ýyldyzynyň saýasynda ynamly ýeňiş bilen başlady. Mälim bolşy ýaly, 4 ýyl öňki çempionatda Saud Arabystanyndan 36 oýun soň utulyp, soňlugy bilen çempionlyk gazanan ýaryşyna ýeňliş bilen başlapdy.

Kansas Sitidäki “Arrowhead Stadium”-da oýnalan duşuşykda Argentinanyň ýygyndysy Alžiriň ýygyndysy bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda super ýyldyz Lionel Messi taryhy statistikalaryň eýesi boldy. 17-nji, 60-njy hem-de 76-njy minutlarda tapawutlanan Lionel Messi 6-njy çempionatyna het-trik bilen başlady. Ol 6 çempionatda oýnan ilkinji futbolçy bolmagy başardy. 38 ýaşyndaky super ýyldyz milli ýygyndydaky 200-nji duşuşygynda 3 gol geçirip, gollarynyň sanyny 120-ä ýetirdi.

Iň esasysy hem Lionel Messi Dünýä Kubogynda iň köp gol geçiren 2 futbolçynyň biri boldy. Dünýä Kubogyndaky gollarynyň sany 16-a ýeten Messi bu ugurda rekordy häzirlikçe Miroslaw Kloze bilen paýlaşýar. Messiniň rekordy täzelemegine, ýöne 14 golly Mbappeniň bolsa bu rekordy hasam artdyrmagyna garaşylýar. Messi 16 gola 27 oýunda ýetdi (Kloze 24 oýunda).

Messi 5 Dünýä Kubogynda tapawutlanan 2-nji futbolçy bolup, ol Dünýä çempionatynda het-trik eden iň ýaşuly futbolçy bolmagy başardy (38 ýaş 357 gün).