2025-nji ýylyň himiýa boýunça Nobel baýragy ýapon himigi Susumu Kitagawa, britan himigi Riçard Robsona we asly Iordaniýaly amerikan himigi Omar Ýagiýä metal-organiki gurluşlary ösdürendigi üçin berildi. “Baýrak eýeleri Şwesiýanyň Korollyk Ylymlar akademiýasy tarapyndan saýlandy” diýlip, Nobel komitetiniň web sahypasyndaky beýanatda aýdylýar.
Baýrak alanlaryň geçiren barlaglary möhüm amaly meseleleri çözmäge mümkinçilik berýär. Metal-organiki karkaslar çöl howasyndan suw almak, kömürturşy gazyny tutmak we zäherli maddalary saklamak üçin ulanylyp bilner. Şeýle hem, bu tehnologiýa, himiki täsirleşmeleri katalizlemekde we elektrik toguny geçirmekde peýdalanylýar.
Bu açyşlar Riçard Robsonyň 1989-njy ýylda başlan barlaglaryna esaslanýar. Ol köp sanly boşlukly ilkinji molekulýar gurluşlary döretdi. Susumu Kitagawa we Omar Ýagi şeýle gurluşlaryň durnuklylygyny we çeýeligini görkezip, bu çemeleşmäni has-da ösdürdiler. Olaryň işleri on müňlerçe dürli metal-organiki gurluşlaryň döredilmegine esas döretdi.
Nobel komitetiniň başlygy Heiner Linkeniň belleýşi ýaly, bu gurluşlaryň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Olar suwy zyýanly maddalardan arassalamak we daşky gurşawyň hapalanmagyna garşy göreş ýaly global meseleleriň çözülmegine goşant goşýarlar. 11 million şwed krony üç baýrak eýesiniň arasynda deň paýlanar.