Hindi puly çarşenbe güni geçen söwdalaşyklarda güýjüni ýitirdi we ABŞ-nyň bir dollary 91,74 rupiýa deň boldy. Dünýäde göwrümi boýunça dördünji iri ykdysadyýetiň pul birliginiň güýçden gaçmagy geçen ýylyň ahyrynda Hindistan bilen ABŞ-nyň arasynda erkin söwda geleşiginiň baglaşylmagynyň gijikdirilmegi, şeýle hem bu Günorta Aziýa respublikasyndan daşary ýurt maýasynyň yzyna gitmegi bilen baglylykda dowam edýär.
“Economic Times” gazetiniň ýazmagyna görä, rupiýanyň hümmetiniň birbada iki göterim aşaklamagy üstümizdäki aýda hindi pulunyň tutuş Aziýada iň güýçli hümmetsizlenýän pul bolmagyna getirdi. Habarda geçen 2025-nji ýylda rupiýanyň dollara bolan gatnaşykdaky hümmetiniň 5 göterimdenem peselendigi bellenýär.
Seljerijiler rupiýanyň güýjüni ýitirmegi golaý geljekde-de dowam eder diýip belleýärler. Muňa ýurtda maliýe sazlaýjynyň wezipesini ýerine ýetirýän Hindistanyň Ätiýaçlyk bankynyň pul-maliýe söwdalaşyklara goşulmakdan ýüz öwürmegi-de sebäp bolýar. Galyberse-de, hindi rupiýasynyň hümmetiniň peselmegine ABŞ tarapyndan Hindistana gümrük paçlaryny girizmegi-de güýçli täsir edýär.