Hindistanyň ylmy-barlag, taslama we standartlar guramasy wodorod ýangyjy bilen işleýän otlynyň ilkinji synaglaryna başlady. Bu barada “The Indian Express” gazeti Demirgazyk demir ýolunyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Synag Jind we Sonipat (Harýana ştaty) şäherleriniň arasyndaky ýolda amala aşyrylýar. Neşiriň berýän maglumatyna görä, synaglaryň dowamynda hünärmenler otlynyň adatdan daşary ýagdaýdaky tormoz ýoluny kesgitlärler.
Wodorod otlusy on sany wagondan ybarat bolup, olaryň ikisi umumy kuwwaty 2400 kWt bolan esasy wagonlardyr. Otlyny ýangyç bilen üpjün etmek üçin Jind şäherinde elektroliz usuly arkaly wodorod öndürýän ýörite zawod guruldy.
Bu tehnologiýanyň esasy aýratynlygy onuň ekologiýa taýdan doly arassalygydyr: hereketlendirijiniň çykarýan ýeke-täk zyňyndysy suw bugudyr, bu bolsa kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň iň pes derejesini üpjün edýär. Häzirki wagtda şeýle otlular Germaniýada, Şwesiýada, Ýaponiýada we Hytaýda gatnaýar.