24-nji noýabrda Nýu-Deli şäherindäki Hindistanyň halkara merkezinde Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň Hindistan-Merkezi Aziýa Gaznasy bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli seminar hem-de onuň çäginde “India-Turkmenistan: Perspectives History, Culture and Economy” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Seminara Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň, Nýu Deli şäherinde akkredetirlenen daşary ýurtlaryň Ilçihanalarynyň, ýerli ýokary mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň wekiliýeti hem-de Hindistanda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçisi Ş.Geldynazarow çykyş edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara ähmiýetli çäreler we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanýan Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary we daşary syýasaty barada gürrüň berdi.
Seminarda türkmen we hindi alymlary Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini we ýurdumyzyň abraýynyň halkara deresinde barha artýandygyny nygtadylar. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we geljegine bagyşlanyp çapdan çykan kitabyň iki ýurduň medeniýetini we taryhyny öwrenmekde uly orun eýelejekdigine ynam bildirdiler.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň taryhyna, medeniýetine, milli däp-dessurlaryna we gazananlaryna bagyşlanan kitaplaryň we milli amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy.
PDF









