Hindistanyň Günbatar Bengal ştatynda Digha derýasynyň gözbaşynda balykçylar “Telia Bhola” görnüşinden bolan iki sany seýrek duş gelýän balyk awladylar. Agramy 50 kilogram töweregi bolan balyklara ýerli ýaşaýjylaryň we dellallaryň arasynda müşderi köp boldy.
Ýerli söwdagärleriň aýtmaklaryna görä, söwda auksionynda şeýle balyklaryň bir kilogramynyň bahasy 85 dollara ýetýär. Netijede, iki balygy satyp, balykçylar 3800 dollar gazandylar. Şaýatlaryň gürrüň bermegine görä, balyklaryň bahasy söwdalaşyk wagty okgunly gymmatlady.
Bilermenler bahalaryň ýokarylygyny bu görnüşiň aýratynlygy bilen baglanyşdyrýarlar. “Telia Bhola” balygynyň esasy aýratynlygy, ilkinji nobatda, ýüzüş köpürjigi bolup durýar, ol balyk ýeliminiň we beýleki önümleriň önümçiliginde peýdalanylýar. Bu önüme halkara bazarda isleg ýokary we gymmat bahadan satylýar, bu bolsa balygyň bahasyna gönüden-göni täsir edýär.
PDF









