Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy ofis işgäri wezipesine boş iş ornuny yglan etdi. Diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, dalaşgärler 30-45 ýaş aralygynda bolup, ýokary bilimli bolmaly we türkmen, rus we iňlis dillerini erkin bilmeli. Şeýle hem bildirilýän talaplara dalaşgäriň sagdyn bolmagy we esasy ofis programmalaryny (Word, Excel, Presentation we ş.m.) bilmegi talap edilýär.
Daşary ýurt wekilhanalarynda ýa-da korporatiw kompaniýalarda iş tejribesi bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berler.
Arzalar 2025-nji ýylyň 10-njy fewralyna çenli kabul edilýär we iş tejribesini hem-de bilimi baradaky maglumatlary öz içine alýan terjimehaly bilen bilelikde olar Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna iberilmelidir.
Boş iş orny hakda goşmaça maglumatlary şu salgyda ýerleşýän Işewürlik merkezinden alyp bolar:
Ýunus Emre köçesi 1, Parahat 2/1, poçta gutusy №80, Aşgabat – 744017, Türkmenistan.
Iş günleri sagat 09:30-dan 13:00-a çenli we 14:00-dan 18:00-a çenli,
Telefon belgileri: 456152, 456153
Elektron poçtasy: mailto:hoc.ashgabat@mea.gov.in ýa-da mailto:admn.ashgabat@mea.gov.in.