Geçen asyryň ortalaryndan bäri kosmos giňişligine ululy-kiçilik müňlerçe enjam uçuryldy. Olaryň köpüsi Ýere getirilýän hem bolsa, käsi ulanyş möhleti tamamlanandan soňra, asman giňişliginde galýar. Bu enjamlar we olaryň dürli ululykdaky bölekleri howasyz giňişlikde aýlanmagyny dowam etdirýär. “Peýwagtyna” aýlanyp ýören bu bölekler wagtal-wagtal emeli hemralar ýa-da kosmos beketleri üçin howply bolup bilýär. Geçen hepde Halkara kosmos bekedine hem şeýle bölegiň urmak howpy ýüze çykandygy sebäpli, onuň orbitasy üýtgedildi. “Science Alert” saýtynyň maglumatlaryna görä, 2007-nji ýylda ýok edilen Hytaýyň “Fengyun-1C” emeli hemrasynyň galyndylary HKB-niň orbitasyna girdi. Onuň bekede degmek howpuny aradan aýyrmak üçin bekediň ugry üýtgedildi. “Fengyun-1C” emeli hemrasy hatardan çykarylanda kosmos giňişligine 3500-den gowrak bölegi ýaýrap gidipdir. Howpuň öňüni almak üçin Russiýanyň stansiýa ýük äkidýän gämisiniň motoryndan peýdalanyldy. Gäminiň hereketlendirijisi alty minutlap işledilip, stansiýanyň tizligi sekuntda 0,7 metr (sagatda 2500 kilometr) artdyryldy. Şeýle hem bekediň orbitasy 1,2 kilometr ýokary çykaryldy. Adatça, beket Ýerden 400 kilometre uzakda hereket edýär. Halkara Kosmos Bekedi sekuntda 7,66 kilometr (sagatda 27 müň kilometrden gowrak) tizlik bilen hereket edýär. 23 ýyldan bäri peýdalanylýan bu bekede häzire çenli şuňa meňzeş 30 töweregi howp abandy.

Halkara Kosmos Bekedi ABŞ-nyň, Kanadanyň, Ýaponiýanyň, Russiýanyň we Ýewropa ýurtlarynyň bilelikdäki taslamasy bolup, bu ýerde alymlar dürli tejribeleri amala aşyrýarlar. Kosmos bekedindäki zähmet çekýänler diňe kosmonawt ýa-da astronawt bolman, olaryň hersi haýsydyr bir ugurdan alym ýa-da  hünärmen bolup, Ýeriň dartyş güýjüniň bolmadyk ýerinde şol ugurdaky tejribeleri geçirmek üçin iberilýär. Olaryň wezipe möhleti adatça alty aý bolýar. Bekede her üç aýdan kosmonawtlar üçin kosmos gämileri gatnaýar. Her gatnawda üç kosmonawt (Ýewropalylar we Amerikalylar astronawt diýýär) äkidilip, wezipe möhleti dolanlar yzyna gelýär. Ýük we ýangyç gatnadýan kosmos gämileri bolsa ol ýere has ýygy gatnaýar. Halkara Kosmos Bekedine ýük we kosmonawt äkidilen gämiler ol ýerde birnäçe gün bekede birigip durýar. Ýeriň orbitasynda hereket edýän bekede, Ýeriň dartyş güýjüniň täsiriniň ýokdugy, haýsydyr bir güýjüň oňa degmedik ýagdaýynda öz orbitasyndan çykmajakdygy aýdylýan hem bolsa, bu bekede Ýeriň dartyş güýji az mukdarda täsir edýär. Ýagny, uzak wagtlap “öz erkine goýberilse” ol Ýeriň dartyş güýjüne sezewar bolup, ahyry planetamyzyň atmosferasyna girer. Şol sebäpli bekede ýük ýa-da kosmonawt äkiden gämiler arkaly wagtal-wagtal Ýerden uzaklaşdyrylýar.