3-nji sentýabrda geçirlen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp, paýtagtymyzda birnäçe desgalaryň, şol sanda Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Hökümet münberiniň açylmagy mynasybetli guraljak medeni çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu desgany 16-njy sentýabrda açmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak arkaly täze desgany bezemek boýunça işler amala aşyrylýar. Munuň özi Hökümet münberinde geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleriniň köpöwüşginli bolmagyny üpjün eder hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dabaralanýandygyny alamatlandyrar. Bu ýerde 27-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesine bagyşlanan esasy dabaralar, şol sanda harby ýöriş hem-de ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş ulgamynyň üstünlikleriniň gözden geçirilişi guralar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer 16-njy sentýabrda günüň haýsy wagtynda açylyş dabarasyny geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky haýyş bilen döwlet Baştutanymyza ýüz tutdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýakyn wagtda Aşgabadyň binagärlik toplumyny ýene-de bir desganyň — Hökümet münberiniň binasynyň bezejekdigini belledi. Bu ýerde giň gerimli dabaralar, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli çäreler geçiriler.
Milli Liderimiz eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmäge ýokary derejede taýýarlyk görmegiň hem-de meýilleşdirilen çäreleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere 16-njy sentýabrda Hökümet münberiniň açylyş dabarasyny geçirmegiň takyk wagtyny kesgitlemek barada degişli teklibi taýýarlamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz göz öňünde tutulan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi.