Mundan 115 ýyl ozal şu gün, ýagny 1910-njy ýylyň 10-njy martynda “Hollywood”-yň ilkinji filmi ekranlara çykdy. Sözsüz bolan bu film “Köne Kaliforniýada” (In Old California) diýlip atlandyrylýar. Amerikan kino sungatynyň öňdebaryjysy hasaplanýan Dewid Work Griffitiň režissýorlyk eden bu kinosy “Hollywood”-da ekranlaşdyrylan ilkinji film hasaplanýar. 17 minutlyk dowamlylygy bolan filmde Kaliforniýanyň meksikalylaryň häkimiýeti döwründe, ýagny 19-njy asyryň başlarynda bir ispan zenanyň başdan geçiren dramatik wakalary hakynda gürrüň berilýär.