Ukrainanyň Premýer-ministri Ýuliýa Swiridenko wezipesinden çekilmek barada arza berdi. Bu barada Ukrainanyň Ýokary Radanyň başlygy Ruslan Stefançuk habar berdi.
Parlamentiň ýolbaşçysynyň habar bermegine görä, Premýer-ministr Ýuliýa Swiridenkonyň wezipesinden çekilmek baradaky arzasy, eýýäm, Ukrainanyň Ýokary Radasyna gelip gowuşdy. Parlamentiň bu meselä kanunçylykda bellenen tertipde we iň gysga möhletde garajakdygy bellenilip geçilýär.
Şeýle-de, Ruslan Stefançuk Ýuliýa Swiridenko döwlet üçin örän çylşyrymly döwürde Ministrler Kabinetine netijeli ýolbaşçylyk edendigi, ýurduň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga, ilaty goldamaga we Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine goşulmak ugrundaky ädimlerine goşan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.