12-nji ýanwarda Horwatiýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda häzirki Prezident Zoran Milanowiç ýeňiş gazandy. Milanowiç sesleriň 74 göterimden gowragyny aldy. Onuň esasy bäsdeşi, dolandyryjy “Horwatiýanyň demokratik bileleşigi” partiýasy tarapyndan goldanýan Dragan Primoras bolsa 25,34 göterim töweregi ses aldy. Saýlawlara gatnaşyk 44,16 göterim boldy.
Milanowiç 16 göterim köp ses aldy, Primoras bolsa 6 göterim az ses aldy. Prezident saýlawlarynda bu ýeňiş bilen Zoran Milanowiç Horwatiýanyň taryhynda gaýtadan saýlanan üçünji Prezident boldy. Mundan öň şeýle ýeňşi Franjo Tujman we Stepan Mesiç gazanyp bilipdi.
Horwatiýanyň Prezidenti ählumumy we göni ses bermek arkaly 5 ýyllyk möhlete saýlanyp, esasan, wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirýär.
2000-nji ýylda ýurduň Konstitusiýasyna düzedişler girizilenden soňra, Horwatiýa parlament Respublikasy boldy. Horwatiýa Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolup, oňa 2013-nji ýylda goşulypdy.
Horwatiýa Respublikasy Merkezi Ýewropada ýa-da Günorta Ýewropada şeýle hem, az-kem Balkan ýarym adasynda ýerleşýän döwlet bolup, 1991-nji ýylda garaşsyzlygyna eýe boldy. Ýurduň ilaty 4 million adama deň.