Halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýene-de bir möhüm sahypanyň açylýandygyny alamatlandyrýan Täze — 2026-njy ýyly uly ruhubelentlikde, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady.
Täze ýyl mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap aldy. Baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerinde oturdylan, dürli öwüşginde ýalkym saçýan arçalaryň daşyndan bagtyýar çagalar gol tutuşyp aýlandylar. Sungat ussatlary — meşhur estrada aýdymçylary, wäşiler, tans toparlary, teatr artistleri täze aýdymlary, tansdyr sazly kompozisiýalary, dürli sahna oýunlary, çykyşlary bilen ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdylar.
Şu günler Aşgabat şäheri has-da gözel görnüşe girip, kalbyňy joşdurýan aýratyn öwüşginler bilen haýran galdyrýar. Paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylaryny hem-de myhmanlaryny bir ýere jemlän, Täze ýyl baýramynyň esasy dabaralarynyň geçirilýän ýeri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançalaryň bezegi hemmeleriň göwnüni galkyndyrýar.
2025-nji ýylyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň, Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülip, täze taryhy döwrümiziň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup girdi. Hususan-da, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasaty üstünliklere beslendi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşmagy, bu ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde, dünýäde dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, adamzadyň abadançylygynyň bähbidine halkara tagallalaryň birleşdirilmeginde möhüm tapgyr boldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň her bir güni depginli ösüşlere baý boldy. Indi ençeme ýyldan bäri ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady binýadynyň berkdiginiň, giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň görkezijisidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şanly ýyly ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkyň hal-ýagdaýynyň, durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň beýanyna öwrülen iri desgalaryň açylyş we düýbüni tutmak dabaralaryna hem-de beýleki möhüm wakalara beslendi.
Täze ýyl biziň her birimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi, arzuwlardyr täze maksatlary bir ýere jemleýän baýramçylykdyr. Paýtagtymyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkezindäki ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky ertekiler şäherjigini Täze ýyl baýramynyň şowhuny gurşap aldy. Meýdançanyň köpöwüşginli bezegi, bu ýerde ýaňlanan aýdymdyr sazlar onuň şowhunyny has-da artdyrýar.
Meşhur aýdymçylar Watanymyzyň täze taryhy eýýamyny wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Ähli çykyşlar ajaýyp horeografik kompozisiýalar bilen utgaşdyryldy. Munuň özi baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy.
Aşgabatdaky Täze ýyl dabarasyna teleköpri arkaly ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylary hem goşuldylar. Paýtagtymyzy bäş welaýatyň edara ediş merkezleri hem-de Arkadag şäheri bilen baglanyşdyrýan monitorlar arkaly hormatly ýaşulular, häkimler, sebitleriň ýaşaýjylary, ýaş türkmenistanlylar döwlet Baştutanymyzy we Milli Liderimizi, ähli halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutladylar. Ajaýyp aýdymlar, tanslar ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ildeşlerimize Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlendi.
Şu dabaraly pursatda meýdançada ýygnananlaryň hemmesini, ähli türkmenistanlylary Garaşsyz Watanymyza, ýurdumyzyň häzirki gününe we geljegine bolan uly buýsanç duýgusy gurşap aldy. Sanlyja pursatdan sagadyň dilleri 12-ni görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Soňra baýramçylyk feýerwerki asmany bezedi. Täze — 2026-njy ýyl baýramçylyk şüweleňiniň ajaýyp pursatlary bilen durmuşymyza gadam basdy. Goý, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Watanymyzy ösüşleriň täze sepgitlerine ýetirsin! Täze ýylda ähli ýagşy arzuwlar hasyl bolup, hemmelere parahat we asuda durmuşyň eşreti, ertirki güne ynam hem-de rowaçlyk ýaran bolsun!
PDF









