4-5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Özbegistan Respublikasynda resmi saparda boldy
Hormatly Prezidentimizi Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyzyň Özbegistana şu gezekki resmi sapary mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gadymy ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm sahypany açdy.
Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, medeni we ruhy däpleriň umumylygy şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Ilkibaşdan birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak, netijelilik hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygy özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna laýyk gelýär.
Türkmen-özbek ykdysady forumy
4-nji oktýabrda dostlukly ýurduň paýtagtyndaky ägirt uly häzirki zaman toplumynda – «Ýaşnabad» innowasion tehnoparkynda guralan türkmen-özbek ykdysady forumy ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşiklere işewürlik taýdan özboluşly badalga berdi, bu toplumda innowasion häsiýetli taslamalar amala aşyrylýar, dürli ugurlarda ylmy işläp taýýarlamalar we barlaglar geçirilýär.
Ykdysady forumyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary geljegi has uly bolan ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleriň birnäçesini bellediler. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, önümçilik birleşmelerini giňeltmek we çuňlaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek, täze tehnologik işläp düzmeleri ulanmak hem-de innowasion ykdysadyýeti döretmek boýunça işjeň tejribe alyşmak bilelikdäki işiň esasy ugrudyr. Yzygiderli esasda işewürler maslahatlaryny, ykdysady sergileri, işjeň duşuşyklary hem-de gepleşikleri geçirmek şol işleriň ilerlemegine gönüden-göni ýardam eder.
Ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine, şol sanda jemi ABŞ-nyň 13,5 million dollaryna golaý bolan eksport-import amallaryny amala aşyrmak baradaky resminamalara gol çekilmegi Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlylygynyň, ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasy boldy.
Türkmen-özbek ykdysady forumyna gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň iki döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Forum tamamlanandan soň, aýry-aýry ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet we hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.
Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri
5-nji oktýabrda Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ynanyşmak we işjeňlik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we uzak möhletli geljek bilen baglylykda gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Şunda taraplaryň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, koronawirus pandemiýasy zerarly dünýäde emele gelen çylşyrymly şertlere garamazdan, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň durnukly artýandygy hem-de onuň oňyn ösüşini saklap galmak üçin ähli şertleriň bardygy bellenildi.
Şunuň bilen birlikde, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny işjeň ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy. Ýurtlarymyz munuň üçin ýeterlik derejede kuwwata, şol sanda özara söwdanyň, maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, senagat, ulag, energetika, oba hojalygy ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak babatda uly kuwwata eýedir.
Bu babatda işewürlik çärelerini geçirmek möhüm orun eýeleýär. Ykdysady forumlaryň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň, sergileriň we ýarmarkalaryň geçirilmeginiň iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri hem-de olaryň döwlet düzümindäki hyzmatdaşlary üçin göni gatnaşyklary ýola goýmakda we bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak boýunça içgin pikir alyşmakda täsirli binýat bolup durýandygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki ykdysady forumyň hem-de Bilelikdäki hökümetara toparyň sentýabr aýynda Daşkentde geçirilen nobatdaky mejlisiniň netijeli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Iki ýurduň sebitleriniň, ilkinji nobatda, serhetýaka sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly kuwwaty aýratyn nygtaldy. Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýetleriniň 22-nji sentýabrda Özbegistanyň Buhara we Horezm welaýatlaryna bolan saparlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň belleýişleri ýaly, şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi iki ýurduň we halklaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de höweslendirmäge ýardam edýär.
Soňky ýyllarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar hem işjeňleşdirildi. Döwletleriň ikisi hem öňden gelýän hoşniýetli däplere esaslanýan bu işlere hemmetaraplaýyn goldaw berýär.
Gepleşikleriň barşynda taraplar sebit we ählumumy syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmeginiň hem-de şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu derejede geçirilen sammitiň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlyk, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de umumy abadançylygyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan 23 resminama gol çekildi
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şol resminamalaryň hatarynda Raýatlar üçin wiza amallaryny ýönekeýleşdirmek hakynda Ylalaşyk, raýatlaryň özara saparlary barada Teswirnama, Adalat ministrlikleri we Ylymlar akademiýalarynyň arasyndaky Ähtnamalar, 2024-nji ýyla çenli medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk Maksatnamasy, Biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça Ylalaşyk, 2025-nji ýyla çenli ösümlikleriň karantini we goragy barada çäreleriň meýilnamasy, hojalyk şertnamalary, Himiýa senagaty ulgamyndaky Ähtnama, Serhetýaka söwda merkezi, özara söwda we maýa goýumlary, metrologiýa ulgamyndaky Ylalaşyklar, Statistika we iş üpjünçiligi ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk babatyndaky Ähtnama, Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar baradaky Ähtnama, Üstaşyr we demir ýol gatnawlary baradaky Ähtnama, aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk, Daşoguz – Gürlen barlag geçiriş nokadyny işe girizmek hakyndaky Teswirnama, ulag ulgamyndaky Ýol kartasy, maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama bar.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.
Bularyň ählisi döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýediginiň, köpugurly hyzmatdaşlygyň hukuk esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň hormatyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti resmi günortanlyk naharyny berdi. Onuň barşynda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler. Bu ýerde şeýle hem bilelikdäki dostluk konserti boldy. Konsert tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlary dabara gatnaşyjylar bilen surata düşdüler.
Şol gün Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti, görnükli syýasatçy, hakyky watançy hem-de garaşsyz döwleti döretmegiň gözbaşynda duran, özbek halkynyň beýik ogly Islam Karimowyň ýadygärligine gül goýdular.
Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew bilelikde Daşkendiň Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline ugradylar. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň umumy abadançylyga we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigini ýene-de bir gezek tassykladylar.