Müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da baý me­de­ni­ýe­ti, aja­ýyp däp-des­sur­la­ry dö­re­den türk­men hal­ky Gur­ban baý­ra­my­na aý­ratyn sar­pa goý­ýar. Bu baý­ra­myň yn­san­per­wer­lik ma­ny-maz­mu­ny, mil­li mi­ra­sy­my­zy go­rap sak­la­mak ba­ba­tyn­da uly ähmi­ýe­ti, onuň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry türk­me­nis­tan­ly­la­ry so­gap iş­le­re, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik mak­sat­la­ry­na ruh­lan­dyr­ýar. Ýur­du­myz­da hor­matly Pre­zi­dentimiziň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, Gur­ban baý­ra­my 2020-nji ýy­lyň 31-nji iýu­lyn­da, 1-2-nji aw­gus­tyn­da bel­le­nil­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Gur­ban baý­ra­my­na uly ähmiýet berlip bellenilýär. Bu ga­dy­my baýra­myň jem­gy­ýe­ti­mi­zi me­de­ni-ru­hy taý­dan kä­mil­leş­dir­mek­de hem-de baý­laş­dyr­mak­da, ag­zy­bir­li­gi­mi­zi we je­bis­li­gi­mi­zi pug­ta­lan­dyr­mak­da äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr.
Dün­ýä­niň äh­li mu­sul­man­la­ry üçin nu­ra­na hem mu­kad­des baý­ram bo­lan Gur­ban baý­ra­my ýag­şy do­ga-di­leg­le­riň baý­ra­my­dyr. Hor­mat­ly Pre­zidentimiziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, Gur­ban baý­ra­my türk­men dün­ýä­si­niň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Hal­ky­myz bu ga­dy­my baý­ra­myň ma­ny-maz­mu­ny­na mil­li ynan­jy­ny, ada­ty­ny, däp-des­su­ry­ny siň­di­rip­dir. Şo­ňa gö­rä-de, ýaş ne­sil­ler­de wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ha­lal­lyk, dost­luk, we­pa­ly­lyk, ula hor­mat goý­mak ýa­ly asyl­ly hä­si­ýet­le­ri ter­bi­ýe­le­mek­de hem bu baý­ra­myň or­ny ulu­dyr. Dün­ýä halk­la­ry bi­len bir­lik­de türk­men hal­ky­nyň hem yn­sa­ny be­lent ah­lak­ly­ly­ga, wyž­dan päk­li­gi­ne ug­ruk­dyr­ýan ruhy gymmatlyklaryň ke­ma­la gel­me­gin­de, ynanç-yg­ty­kat­la­ryň, adat-des­sur­la­ryň, yn­san­per­wer we dün­ýe­wi gym­mat­lyk­la­ryň dö­re­me­gin­de hem-de baý­laş­ma­gyn­da or­ny örän ulu­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan mu­kad­des däp­le­ri­mi­ze buý­san­ma­ly­dy­rys. Bu ýö­rel­ge­ler ru­hy me­de­ni­ýe­ti­mi­zi baý­laş­dyr­mak bi­len bir­lik­de, ne­sil­ler­de be­ýik wa­tan­sö­ýü­ji­lik buý­san­jy­ny hem-de yn­san­per­wer duý­gusy­ny ter­bi­ýe­le­ýär.
Her bir mil­let­de özü­ne has ýakyn baý­ram­la­ryň bol­şy ýa­ly, mu­sul­man dün­ýä­sin­de hem bel­li baý­ram­lar bar. Ola­ryň için­de iki sa­ny baý­ram iň uly baý­ram­çy­lyk ha­sap­la­nyp, olaryň bi­ri «Оra­za» baý­ra­my bol­sa ikin­ji­si «Gur­ban» baý­ra­my­dyr. Bu baý­ram uzak ýyl­lar­dan bä­ri do­wam edip gel­ýän des­sur bo­lup, haj möw­sü­mi bi­len bag­ly­dyr. Bu baý­ram­da esa­sy ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän yba­dat­lar baý­ram na­ma­zy­ny oka­mak hem-de gur­ban­lyk etmekdir.
Türk­men hal­ky­nyň ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ne saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýan mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­tyýar­lyk döw­rün­de ýa­şaý­şyň üýt­gew­siz ru­hy esas­la­ry­ny düz­ýän hoş­ni­ýet­li­li­giň, re­him­dar­ly­gyň we yn­san­per­wer­li­giň aý­dyň ala­ma­ty­dyr. Gur­ban­ly­gy­ňyz ka­bul bol­sun!