22-nji ýanwarda paýtagtymyzda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO), Ösüş maksatnamasynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Pudaga «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň ornaşdyrylmagy durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär. Bu ugurda ýurdumyzda degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, Türkmenistanyň ýer-suw serişdeleriniň mümkinçilikleri pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmekde uly orna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ýer-suw serişdelerini netijeli ulanmagyň, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň, tohumçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, topragy goraýjy tehnologiýalardan peýdalanmak babatda özara gatnaşyklary utgaşdyrmagyň wajypdygyna üns çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, ugurdaş ylmy-barlag edaralary tarapyndan ekinleriň Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän hem-de gurakçylyga durnukly, ýokary hasyl berýän täze tohumlaryny döretmek, olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ekologik deňagramlylygy saklamaga, üýtgeýän şertlere uýgunlaşmaga ýardam berýär.
Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda howanyň üýtgemeginiň azyk ulgamlaryna we jemgyýetçilik saglygyna göni hem-de köpugurly täsir edýändigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa sebiti, şeýle-de goňşy döwletler utgaşdyrylan hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri talap edýän umumy meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Foruma gatnaşyjylar ýerleriň şorlaşmagy, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi netijesinde ýüze çykýan töwekgelçilikleri peseltmekde azyk ulgamlaryna çemeleşmeleri özgertmegiň möhümdigine ünsi çekdiler. Howanyň üýtgeýän şertlerinde biodürlüligi gorap saklamaga, ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berjek strategiýalary işläp taýýarlamak zerurdyr.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda “Bitewi saglyk” maksatnamasyna aýratyn üns berildi. Nygtalyşy ýaly, hut şu toplumlaýyn çemeleşme oba hojalyk önümlerini öndürmegiň we sarp etmegiň zynjyrlaryny çuňňur özgertmekde esas bolup hyzmat etmelidir. Bu konsepsiýa adamyň, oba hojalyk mallarynyň saglygynyň, daşky gurşawyň ýagdaýynyň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygy ykrar edýär. Bu bolsa sebitiň oba hojalygy üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Çykyş edenler “Bitewi saglyk” ýörelgeleriniň milli strategiýalara ornaşdyrylmagynyň daşky täsirlere garşy durmaga ukyply, howpsuz azyk önümçilik ulgamlaryny döretmäge ýardam berýändigini bellediler. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen sebit başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki taslamalar gurakçylyga garşy durnukly oba hojalyk ekinlerini ornaşdyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni we innowasion usullary alyşmaga goşant goşýar. Bu bolsa, öz gezeginde, azyk howpsuzlygynyň görkezijilerine gönüden-göni täsir edýär.
Maslahatyň dowamynda oba hojalygyny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyň we bu işe BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümlerini işjeň çekmegiň ähmiýeti nygtaldy. Iri halkara guramalaryň tehniki we bilermenlik goldawy sebitde önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär.
Mowzuklaýyn mejlisler geçirildi
Mowzuklaýyn mejlislerde howanyň üýtgemeginiň iýmitleniş standartlarynyň özgerdilmegini we azyk önümleriniň hiline gözegçiligi güýçlendirmegi talap edýändigine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, howanyň adatdan daşary gyzmagy hem-de topragyň düzüminiň üýtgemegi oba hojalyk ekinleriniň ýokumlylygynyň peselmegine getirýär. Foruma gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, azyk howpsuzlygy meselesi ekologiýa gün tertibi bilen berk baglanyşyklydyr. “Ýaşyl” tehnologiýalara maýa goýumlar, tebigy serişdeleriň netijeli dolandyrylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynda uzak möhletli abadançylygyň binýady bolup durýar. Sebit hyzmatdaşlygy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçiliklere gözegçilik etmegiň serhetüsti mehanizmlerini döretmäge gönükdirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar oba hojalyk önümçiliginde maglumatlary hem-de tejribe alyşmak üçin özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Ilatyň sagdyn iýmitlenmek meselelerinde habarlylygyny ýokarlandyrmak meselesine aýratyn üns çekildi. Raýatlaryň howa bilen azyk önümleriniň hiliniň arasyndaky baglanyşyk baradaky habarlylygy jemgyýetçilik durnuklylygynyň möhüm bölegi bolup, täze, ekologik taýdan jogapkärçilikli sarp ediş medeniýetini kemala getirmäge ýardam berýär. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda bellenilişi ýaly, ekologiýa taslamalaryny maliýeleşdirmegiň gurallary sebitiň ýurtlary üçin has elýeterli bolmalydyr. Foruma gatnaşyjylar oba hojalyk önüm öndürijilerini goldamak üçin serişdeleri çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar.
Çykyşlaryň dowamynda azyk önümçiligi ulgamlarynyň durnuklylygynyň durmuş abadançylygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, elýeterli we ekologik taýdan arassa azyk önümleriniň üpjün edilmegi howanyň ählumumy üýtgeýän şertlerinde ileri tutulýan wezipe bolup durýar. Şu gezekki forum hem ählumumy meseleleri sebit derejesinde çözmäge umumy çemeleşmäni işläp taýýarlamak babatda möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Foruma gatnaşyjylar borçnamalaryň we strategiýalaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek üçin şeýle duşuşyklary dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdiler.
Sebitiň ýurtlarynyň ylmy-barlag kuwwatyny pugtalandyrmak hem zerurdyr. Bellenilişi ýaly, saglyk we iýmitleniş meseleleri boýunça bilelikdäki tejribe merkezleriniň döredilmegi oba hojalyk toplumyna, saglygy goraýyş ulgamyna innowasiýalary dessin ornaşdyrmaga ýardam berer.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu günki işlenip taýýarlanylan maslahatlaryň hem-de strategiýalaryň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy göreşmek boýunça halkara tagallalara möhüm goşant boljakdygyny nygtap, döwletleriň, ylmy jemgyýetçiligiň, halkara guramalaryň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň häzirki döwrüň bu derwaýys meselesini netijeli çözmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.
Taslama resminamalaryna gol çekildi
Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemeginden ýiti täsirlenýän ekoulgamlarda ýer serişdelerini dikeltmek üçin utgaşykly çemeleşme”, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda “Amyderýa, Zarafşan we Panj derýalarynda suw serişdeleriniň toplumlaýyn dolandyrylyşyny berkitmek”, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda “Howanyň üýtgemeginiň täsirine durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň oba hojalygynda tebigat nukdaýnazaryndan oňaýly özgertmeleri çaltlandyrmak” hem-de “Pariž ylalaşygyna laýyklykda aýdyňlygyň giňeldilen çäklerini berjaý etmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini berkitmek” atly taslama resminamalaryna gol çekildi.