Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda hukuk özgertmeleri netijeli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döwrebap kadalary jemgyýetimizi özgertmegiň ýörelgeleýin çemeleşmeleri bilen utgaşykly sazlaşyp, dünýä tejribesinde ykrar edilen ýörelgeleri kabul etmek we durmuş taýdan nazarlandyrylan bazar ykdysadyýetine esaslanýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny emele getirmek ugrundaky alnyp barylmaly işleriň hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmäge badalga berýär. Konstitusion kadalar esasynda täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy üçin yzygiderli işler alnyp barylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň Mejlisine berýän goldawlary, döredýän mümkinçilikleri netijesinde jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynyň dürli ugurlarynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine gönükdirilen işler alnyp barylýar. Mejlisde döredilen iş toparlarynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda milli tejribeden we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp taýýarlanylýan kanunçylyk namalary döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan özgertmeler syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda raýat jemgyýetini döretmek, raýat jemgyýetine mahsus bolan ençeme institutlary türkmen jemgyýetine ornaşdyrmak, şeýle hem ynsanperwerligiň jemgyýetde tutýan ornuny has-da kämilleşdirmek, hukuk ulgamynyň ýurdumyz, halkymyz üçin bähbitli bolmagyny üpjün etmek nukdaýnazaryndan ugur alyp, döwletimiziň ähli ulgamlary barha kämilleşýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan özgertmeler demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmak, ykdysadyýeti, ylmy, medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň iň täze gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek hem-de daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek ýaly maksatlara ýetmekde uly ähmiýete eýedir.
Halkara tejribesi we jemgyýetimizde gazanylan üstünlikler nazara alnyp geçirilýän konstitusion özgertmeler ýurdumyzda demokratik kadalaryň dabaralanmagydyr. Döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ata Watanymyzyň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere ýetmegini üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi beýik özgertmeleriň dowamy bolup, häzirki wagtda netijeli ösdürilýär. Bu maksatnamada ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady we hukuk goraglylygyny üpjün etmek boýunça anyk çäreler hem-de wezipeler kesgitlenendir. Kabul edilýän Kanunlar raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, hukuk ulgamynda hem özgertmeleriň giň gerim almagy ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegini, onda raýatlaryň konstitusion we hukuk goraglylygyny kepillendirmegi ugur edinýär.
Gülnar ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.