Ora­za aýyn­da sa­ça­gyň aý­ryl­maz nyg­mat­la­ry­nyň bi­ri bo­lan hur­ma­ beý­ni­ni iş­jeň­leş­dirýär, süňk sag­ly­gy­ny go­raýar, güýç-kuwwat berýär. Ag­za­çar wag­ty hur­ma iýil­me­gi ýö­ne ýer­den däl. Se­bä­bi dü­zü­min­de köp muk­dar­da te­bi­gy şe­ker (fruk­to­za) sak­lan­ýan bu mi­we be­de­ne çalt ener­gi­ýa be­rip, gan­da­ky şe­ke­riň de­re­je­si­ni deň­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Hur­ma­nyň dü­zü­min­dä­ki wi­ta­min­ler, mi­ne­ral­lar we an­ti­ok­si­dant­lar düw­nük ke­se­li­niň dö­re­mek how­pu­ny azal­dyp, ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny we öý­ke­ni go­ra­ýar. Ýat­keş­li­gi güýç­len­dir­ýän bu mi­we iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­nyň işini ýe­ňil­leş­dir­ýär. Şeý­le hem de­ri­niň gar­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Gu­ra­dy­lan hur­ma­nyň ka­lo­ri­ýa­sy tä­ze ýyg­na­la­ny­n­dan has ýo­ka­ry bo­lup, kiş­miş we in­jir ýa­ly gu­ry ir-iý­miş­le­re meň­ze­ýär.
Hur­ma­nyň dü­zü­min­dä­ki sul­fit bir­leş­me­si kä­bir adam­da al­ler­gi­ýa dö­re­dip bi­ler. Agyz boş­lu­gyn­da gy­jyn­ma du­ýul­sa, as­gyr­mak we bur­nuň ak­ma­gy ýa­ly al­ler­gi­ýa ala­mat­lary ýü­ze çyk­sa, hur­ma­ iý­mek­den sak­lan­ma­ly. Şeý­le hem hur­ma düzüminde köp muk­dar­da şe­ker sak­lan­ýan­dy­gy se­bäp­li, süý­jü­li dia­be­ti bo­lan adam­la­ra köp iý­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Bi­ler­men­ler ça­ga­sy­ny iý­mit­len­dir­ýän we göw­re­li ze­nan­lar üçin hur­ma­­nyň örän peý­da­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.
Sa­ud Ara­bys­ta­ny, Ku­weýt, Al­žir fi­nik hur­ma­sy­ny iň köp sarp ed­ýän ýurt­lar bo­lup, her ýyl dün­ýä­de 10 mil­li­on ton­na gu­ra­dy­lan hur­ma ön­dü­ril­ýär.