Hytaýyň iň uly elektroulag öndürýän kompaniýasy bolan BYD müşderilerine has ýokary tehnologiýany tölegsiz hödürledi. Bu hyzmatyň köp modeline, şeýle hem “Seagull” ýaly has elýeterli bahadan satylýan görnüşlerine hödürlenjekdigi mälim edildi. Bu hyzmat awtoulagy dolulygyna awtomatlaşdyrýar. Emma şeýle-de bolsa, sürüji hemişe ulaga göz-gulak etmeli bolýar. Şeýle hyzmaty “Tesla” kompaniýasy aýda 99 dollardan hödürleýär.
Bu hyzmatyň elýeterli ediljekdigi mälim edilenden soňra hytaý brendiniň Gonkong biržasyndaky paýnamalary 4,5 göterim gymmatlap, jemi 132 milliard dollara ýetdi. Bu görkeziji bolsa, “Ford Motor Co.”, “General Motors Co.” we “Stellantis NV” ýaly iri awtoulag toparlarynyň jeminiň bahasyndan hem ýokarydyr.

Madina Mawlýanowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.