Hytaýyň polat önümçiligi senagaty geçen ýyly absalýut rekord bilen tamamlady. Dekabr aýynda Hytaýdan polat eksporty 11,3 million tonna çenli ýokarlanyp, 2015-nji ýyldaky taryhy rekordy täzeledi. Ýyllyk eksportyň göwrümi 7,5% artyp, görlüp-eşidilmedik sepgide – 119 million tonna ýetdi. Şonuň bilen birlikde, polat önümçiligi üçin çig mal bolan demir magdanynyň importy hem rekord goýdy — 1,26 milliard tonna (ýyllyk +1,8%).
PDF









