-Hytaý Gazagystanyň ygtybarly goňşusy, ýakyn dosty we hemişelik strategik hyzmatdaşydyr.
Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Pekinde Gazagystan-Hytaý Işewürler geňeşiniň sekizinji maslahatyna eden çykyşynda aýtdy.
Döwlet Baştutany geçen ýylyň netijelerine görä, özara söwda dolanyşygynyň 44 milliard dollara ýetendigini habar berdi.
-Bu rekord görkeziji, ýöne biz gazanylan sepgit bilen çäklenmek islemeýäris. Biziň maksadymyz hytaýly dostlarymyz bilen bilelikde ýakyn 5 ýylda bu görkezijini ep-esli ýokarlandyrmak – diýip, Prezident belledi.
Tokaýewiň pikiriçe, Hytaý Gazagystanyň ykdysadyýetine 27 milliard dollar maýa goýdy.
-Hytaýyň maýasy bolan 6 müňden gowrak kärhana Gazagystanda üstünlikli işleýär, şol sanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän CNPC, CITIC, SINOPEC, HUAWEI ýaly kuwwatly korporasiýalar ýurdumyzda işleýär – diýip, ol Gazagystanyň depginli ösüşine ünsi çekdi.
-Biziň ykdysadyýetimiz Merkezi Aziýada iň ulusydyr. Ýurduň ykdysadyýeti her ýyl ynamly ösüşleri görkezýär. Ýylyň ahyryna çenli jemi içerki önümiň 300 milliard dollardan geçmegine garaşylýar – Gazagystanyň Lideri sözüniň üstüne goşdy.