Hytaý we Germaniýa strategik özara gatnaşyklary güýçlendirmeli, özara ynamy artdyrmaly we strategik hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam bermeli. “Xinhua” agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Pekinde Germaniýanyň Kansleri Fridrih Mers bilen bolan duşuşygynda mälim etdi.
-Dünýä näçe durnuksyz we özara bagly boldugyça, HHR we Germaniýa strategik dialogy şonça-da güýçlendirmeli, özara strategik ynamy berkitmeli, täze netijelere ýetmek üçin iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy öňe sürmeli – diýip, Si Szinpin belledi. Ol häzirki halkara ýagdaýynyň Ikinji jahan urşy tamamlanandan bäri iň çuňňur üýtgeşmeleri başdan geçirýändigini sözüniň üstüne goşdy.
Si Szinpin hytaý-german gatnaşyklaryny has-da ösdürmek üçin üç sany teklip öňe sürdi: iki ýurt hem biri-birini goldaýan ygtybarly hyzmatdaşlar bolmaly; özara bähbit getirýän açyk we innowasion hyzmatdaşlar bolmaly; şeýle hem özara düşünişmek we dostluk esasynda medeni hyzmatdaşlar bolmaly.
Onyň aýtmagyna görä, Hytaý we Germaniýa Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuny goldamaly we dikeltmeli.
-HHR we Germaniýa BMG-niň merkezi ornuny goldamaly, onuň ýolbaşçylyk ediji täsirine işjeň ýardam bermeli, köptaraplylygy goramakda öň hatarda bolmaly, halkara hukuk tertibiniň berjaý edilmegini üpjün etmeli, erkin söwdany goramaly, agzybirligi we hyzmatdaşlygy öňe sürmeli – diýip, Si Szinpin nygtady.
Germaniýanyň Kansleri Fridrih Mers 25-nji fewralda iki günlük resmi sapar bilen Hytaýyň paýtagty Pekine geldi. Onuň ýanynda “Volkswagen” we “BMW” ýaly öňdebaryjy awtoulag öndürijileri hem goşmak bilen, 30 sany kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary hem bar.
PDF









