24-nji fewralda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu prowinsiýasynyň Daşary işler kanselýariýasynyň başlygynyň orunbasary, jenap Çžao Sýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň esasy maksady Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu prowinsiýasy bilen bilim ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen teklipleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary hormatly myhmana ýurdumyzda bilimiň hilini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen ýerine ýetirilen işler we öňde duran wezipeler, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi.
Jenap Çžao Sýun öz gezeginde Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu prowinsiýasynyň ýokary okuw mekdepleri barada giňişleýin tanyşdyryp, olarda bilim alýan daşary ýurtly talyplara, şol sanda, türkmenistanly talyplara berilýän goldawlar barada habar berdi. Mundan başga-da, Gansu prowinsiýasyndaky Lanžou uniwersitetinde 2020-nji ýyldan bäri Türkmenistany öwreniş ylmy-barlag merkeziniň hereket edip gelýändigini hem-de Jiatong uniwersitetinde Türkmen medeniýeti boýunça merkeziniň bardygyny buýsanç bilen belläp geçdi.
Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen birnäçe teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, türkmen tarapyndan ileri garalýan hünärler esasynda talyp hakly ýerler boýunça hyzmatdaşlyk etmek, nebit-gaz, lukmançylyk, inžener-tehnologiýalar ugurlaryna ýöriteleşen ýokary okuw mekdepleriň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, hünär kämilleşdiriş maksatly bilelikde okuw maksatnamalaryny alyp barmak ýaly hyzmatdaşlygyň ugurlary esasy wezipeler hökmünde kesgitlenildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi