Hytaý senagat pudagyndan bölünip çykýan zyýanly gazlaryň mukdaryny azaltmak hem-de esasy pudaklarda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen hereket meýilnamalaryny taýýarlar. Bu barada ýurduň senagat we maglumat tehnologiýasy ministri Sýao Ýasin mälim etdi. Ministr agyr we himiýa senagaty pudaklarynyň täze önümçilik kuwwatyna gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem polat önümçiligini azaltmak maksady bilen zerur tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.

Hytaý 2112 sany “ýaşyl” zawodyň hem-de 171 sany “ýaşyl” senagat parkynyň gurluşygy üçin “ýaşyl” önümçilik ulgamlaryny ornaşdyrýar. Bu ýagdaý hökümetiň senagat kärhanalarynda ​​ekologiýa taýdan arassa energiýa ulgamlaryny ornaşdyrmaga we gaýtadan dikeldilýän energiýany ileri tutmaga höweslendirer diýip belledi.

Hytaý ozal kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 2030-njy ýyla çenli aradan aýyrmaga tagalla edip, 2060-njy ýyla çenli 0 derejä ýetirjekdigini mälim edipdi. – Awtoulag pudagynda bu maksatlara ýetmek, elektroulaglaryň artmagyna ýardam bermek hem-de täze energiýa çeşmelerini ulanýan ulaglaryň batareýalaryny ýaýbaňlandyrmak üçin täze meýilnamalary düzmäge tagalla ediler – diýip, Sýao Ýasin belledi.