Hytaý ýakyn wagtda Ýewropanyň «Airbus» konserninden ýene 120 sany uçar sargyt eder. Bu barada Pekinde söwda we strategik hyzmatdaşlyk ýaly birnäçe meseleler boýunça gepleşikler geçirýän Germaniýanyň Kansleri Fridrih Mers mälim etdi.
Mers «Airbus» uçarlaryna berilýän sargydy şeýle saparlaryň peýdasynyň mysaly hökmünde görkezdi.
Kansler käbir meseleleriň bardygyna garamazdan, iki ýurduň hem «umumy gymmatlyklary ulanmalydygyny we öňde duran kynçylyklara bilelikde garşy durmalydygyny» belledi.
Şol bir wagtyň özünde, nemes hökümetiniň Baştutany Germaniýanyň we Hytaýyň kompaniýalarynyň hem Ýewropada, hem Hytaýda deňhukukly bolmagy ugrunda çykyş etjekdigini aýtdy: -Men Germaniýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda balansynyň ýetmezçiligine ýene bir gezek ünsi çekmek isleýärin, ol häzirki wagtda 80 milliard ýewrodan geçýär. Bu görkeziji 2020-nji ýyldan bäri, ýagny bäş ýylyň içinde dört esse artdy. Bu kadaly bolmadyk dinamikadyr, şonuň üçin hem biz bu mesele bilen meşgullanýarys we bize zeper ýetirýän söwda ýetmezçiligini azaltmagyň ýollaryny tapmak isleýäris».