Hytaýyň Suçžou şäherinde, Jinji kölüniň kenarynda BIG (Bjarke Ingels Group) arhitektura býurosy tarapyndan taslanan Häzirki zaman sungaty muzeýiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. “Hypebeast” web saýtynyň habaryna görä, meýdany 60,000 inedördül metrlik toplumy 2026-njy ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Muzeýiň dizaýny bir üçeginiň aşagynda ýerleşýän 12 pawilýondan ybarat hytaý obasy hökmünde taslanyp, Suçžou baglarynyň nusgawy elementlerinden ylham alýar. Binagärlik ýerli däp-dessurlary we häzirki zaman görnüşlerini birleşdirýär. Pawilýonlar aýnadan ýasalan galereýalar bilen birleşip, howlulardan we sergi zallaryndan ybarat özboluşly “Hytaý düwünini” emele getirýär.
Ýalyn wagtda muzeýde BIG kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan “Materializm” atly sergi guralar. Sergide myhmanlar BIG kompaniýasynyň, şol sanda Kopengagendäki studiýanyň baş binasy we “Google Bay View” ýaly taslamalaryň 20 sany uly göwrümli modellerini we maketlerini görüp, topragyň, metalyň, agajyň we plastmassanyň arhitektura çözgütlerini nähili emele getirýändigini öwrenerler.
PDF









