Dünýäniň iň uly litiý gorlaryna eýe bolan Hytaý ýurduň Hunan welaýatynda 490 million tonna ätiýaçlygy bolan has iri litiý magdanyny tapdy. Bu barada welaýatyň Tebigy baýlyklar ministrligi habar berdi. Ministrligiň maglumatlaryna görä, Linu uýezdiniň çäklerindäki Sziszýaşan dag-magdan senagaty etrabyndan tapylan bu ýatak, takmynan 1,31 million tonna litiý oksidi bolan özgeren granit litiý ýatagy hökmünde klassifikasiýa edildi.
Şeýle hem düzüminde rubidiý, wolfram we galaýy ýaly beýleki mineral elementler bar.
Geologiýa barlag işlerini alyp barýan Hunan welaýatynyň mineralogiýa gözleg instituty, ýatagyň ýüze çykarylmagy çylşyrymly geologiki şertleri göz öňünde tutup, gözleg barlag tehnologiýasynyň we köp ýyllyk gözleg işleriniň netijesinde mümkin boldy.
Institutyň professory Sýuý Iming, litiý ýatagynyň ýüze çykarylmagynyň Hunan welaýatynyň Çençžou welaýatynda täze energiýa merkeziniň gurulmagy üçin berk esas döredýändigini aýtdy. Litiý has giňden ulanylýan örän möhüm element bolup, elektroulaglarda, energiýa saklaýan enjamlarda we ykjam aragatnaşyk ulgamlarynda ulanylýar.
Hytaýyň Tebigy baýlyklar ministrliginiň Geologiýa barlaglary müdirliginiň ýanwar aýynda çap eden habaryna görä, Hytaýda tassyklanan litiý ätiýaçlyklarynyň paýy dünýädäki umumy görkezijiniň 16,5 göterimine ýetip, bu görkeziji boýunça ýurtda ikinji orunda durýar.