Şu günler dünýä jemgyýetçiliginiň ünsi Hytaý Halk Respublikasyna gönükdi. Şu gün, 1-nji sentýabrda bu dostlukly ýurtda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilýär. Günüň ikinji ýarymynda «ŞHG+» formatynda guraljak ýokary derejeli duşuşygyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Munuň özi guramanyň çäginde Bitarap Türkmenistana bildirilýän uly hormatdan nyşandyr.
Ýeri gelende bellesek, ŞHG öz gözbaşyny 1996-njy ýylda esaslandyrylan «Şanhaý bäşliginden» alyp gaýdyp, 2001-nji ýylda düzüminiň giňeldilmegi bilen, ol «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy» diýlip atlandyryldy. Häzirki wagtda bu düzüme agza ýurtlaryň 10-sy – Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan we Belarus Ýewraziýa yklymynyň 65 göterimini eýeläp, Ýer ýüzüniň ilatynyň tas ýarysy şu ägirt uly giňişlikde ýaşaýar.
2024-2025-nji ýyllarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda Hytaý Halk Respublikasy başlyklyk edýär. «Şanhaý ruhuny» ilerledip: ŞHG hereketde» mowzugynda geçirilýän häzirki sammit bolsa ýurtda geçen döwürde ŞHG-niň ugry boýunça guralan dürli mazmunly çäreleriň jemini jemlär. Oňa 20-den gowrak ýurtdan döwlet we hökümet Baştutanlary gatnaşýarlar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we beýleki iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary bar. Guramanyň taryhynda iň giň wekilçilikli sammit hökmünde tapawutlanýan nobatdaky ýokary derejeli duşuşykda bu düzümiň bir ýylda alyp baran işlerine syn berlip, ony institusional taýdan has-da kämilleşdirmegiň, syýasy, ykdysady, ynsanperwer ugurly özara gatnaşyklaryň, umumy howpsuzlygy üpjün etmegiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinden soňra, günüň ikinji ýarymynda «ŞHG+» formatynda dowam etjek ýokary derejeli duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem çykyş edip, sammitiň gün tertibinde ileri tutulýan ugurlar barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan eder.