Hytaýyň häkimiýetleri ýurduň demirgazyk-günbatarynda uzynlygy 22 kilometrden gowrak bolan “Týanşan Şeňli” awtoulag tunelini resmi ýagdaýda ulanmaga berdiler. Bu desga dünýädäki iň uzyn we tizlikli awtoulag tunelidir. Ol Sinszýan-Uýgur awtonom sebitinde ýerleşip, daglyk ýerlerden geçýän ýoluň wagtyny birnäçe sagatdan 20 minuta çenli gysgaltmaga mümkinçilik berýär.
Tunel şol gün açylan, umumy uzynlygy 324 kilometrden gowrak bolan G0711 Urumçi – Ýuýli tizlikli awtomagistralynyň ugrunda ýerleşýär. Bu magistral Sinszýanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky şäher aglomerasiýalaryny birleşdirýän möhüm ulag arteriýasydyr. Onuň gurluşygy bäş ýyl dowam etdi we taslama jemi 46,7 milliard ýuan (6,63 milliard dollar) möçberinde maýa goýuldy.
Mundan başga-da, tuneliň iň çuň ýeriniň 1,1 kilometre ýetýändigi bellenilýär. Ol seýsmik taýdan ýokary işjeňligi we ekstremal howa şertleri bolan sebitde ýerleşip, jemi 16 sany tektoniki jaýryk zolagy kesip geçýär.