Hytaýyň Başlygy Aziýa ýurtlaryna saparyna başlady
Hytaýyň döwlet ýolbaşçysy Si Szinpin Wýetnamda saparda boldy. Hytaýyň daşary işler ministrliginiň beýanatynda Başlyk Si Szinpiniň Günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynyň üçüsine amala aşyryljak saparyna Wýetnamdan başlandygy bellenildi. Saparyň ilkinji gününde Si Szinpin Wýetnam Kommunistik partiýasynyň baş sekretary To Lam bilen duşuşdy. Duşuşykdan soňra iki ýurduň arasynda ulag, emeli aň, oba hojalyk önümleriniň söwdasy, medeniýet, sport, adam çeşmeleriniň ösdürilmegi we mediýa ugurlarynda ylalaşyklara gol çekildi.
Hytaýyň Başlygy Wýetnamdan soňra 18-nji aprele çenli Malaýziýada we Kambojada hem saparda bolar. Si Szinpin mundan 9 ýyl ozal Kambojada, 12 ýyl ozal Malaýziýada saparda bolupdy.