Dün­ýä­de ilat sa­ny­na we tut­ýan meý­da­ny­na gö­rä dür­li-dür­li bo­lan 100 müň­den gow­rak şä­her bar. Söw­da we se­na­gat taý­dan ösen bu me­de­ni mer­kez­le­riň her haý­sy özü­ne mah­sus te­bi­ga­ty, ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri we gast­ro­no­mi­ýa­sy bi­len sy­ýa­hat­çy­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Lon­don, Pa­riž, Wal­let­ta ýa­ly şä­her­le­ri bir gün­de aý­la­nyp bol­ýan bol­sa, Bar­se­lo­na, Stam­bul, Pra­ga, To­kio, Bang­kok ýa­ly şä­her­le­ri do­lu­ly­gy­na ge­ze­lenç et­mek üçin azyn­dan 3-4 aý ge­rek. Me­ga­po­lis­le­riň kä­bi­ri ulu­ly­gy taý­dan ta­pa­wut­lan­sa, kä­bi­ri ki­çi­jik meý­da­ny bi­len ün­si özü­ne çek­ýär. Şeý­le şä­her­le­riň bi­ri hem Ýanszin ha­sap­lan­ýar.
Ýun­nan we­la­ýa­ty­nyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da­ky Wu­meng dag­la­ry­nyň kert ete­gin­de ýer­leş­ýän Ýanszin şä­he­ri Hy­ta­ýyň iň dar şä­he­ri diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Şä­he­riň ininiň iň giň ýe­ri 300 met­re, iň dar ýe­ri bol­sa ba­ry-ýo­gy 30 met­re ýet­ýär. Iki ta­ra­py dik ga­ýa­lar bi­len gur­şa­lan dar şä­her Gu­an der­ýa­sy­nyň iki ta­ra­pyn­dan uza­lyp gid­ýär. Çžao­tun şä­he­ri­niň bir bö­le­gi bo­lan Ýanszinde ulag se­riş­de­le­ri çäk­li ýag­daý­da he­re­ket ed­ýär. Bu ýer­de ýe­ke­je aw­tou­lag ýo­ly bo­lup, Neý­kun de­mir ýo­lu­nyň bir şa­ha­sy Ýanszin şä­he­ri­niň üs­tün­den geç­ýär. Ha­ýal­jak he­re­ket ed­ýän ýa­şyl ot­ly tun­ne­liň için­den ge­çip, ga­ýa­la­ryň ete­gin­dä­ki gy­sy­lan şä­he­re bar­ýar. Şä­her­de gat­naw se­riş­de­si hök­mün­de, esa­san, gä­mi ýa-da ga­ýyk peý­da­la­nyl­ýar. Ilat üçin ze­rur bo­lan duz, mis, çaý ýa­ly ha­ryt­lar­dyr ýük se­riş­de­le­ri Gu­an der­ýa­sy ar­ka­ly ge­ti­ril­ýär.
Ta­ry­hy äh­mi­ýe­te eýe bo­lan Ýanszin şä­he­ri ir­ki dö­wür­ler Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky esa­sy ber­kit­me­le­riň bi­ri bo­lup hyz­mat edip­dir. Bu şä­he­re baş­ga­ça «Si­çu­an we Ýun­na­nyň der­we­ze­si» hem di­ýlip­dir. Şä­her­de ba­şu me­de­ni­ýe­ti bi­len ga­dy­my di­an me­de­ni­ýe­ti bir­le­şip, öz­bo­luş­ly ýer­li halk dö­re­di­ji­li­gi eme­le ge­lip­dir. Ýanszinde köp san­ly ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler, Çin ne­be­re­si­ne, Gün­ba­tar Han ne­be­re­si­ne we Ming di­nas­ti­ýa­sy­na de­giş­li yba­dat­ha­na­lar we heý­kel­ler bar. Soň­ky ýyl­lar­da şä­her­de ýer­li hö­kü­met ta­ra­pyn­dan aba­dan­laş­dy­ryş iş­le­ri ge­çi­ril­ýär, şeý­le hem de­mir­ga­zyk-gün­ba­tar ta­ra­pa uza­lyp bar­ýan tä­ze şä­her gu­rul­ýar. Halk ara­syn­da kö­ne şä­her Dou­şa diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. 2022-nji ýyl­da şä­her­dä­ki ýa­şa­ýyş üçin ýa­ram­syz kö­ne bi­na­lar aý­ry­lyp, or­nu­na tä­ze jaý­lar gu­rul­dy.
Da­ga ýa­py­şyp du­ran jaý­la­ra se­re­de­niň­de bu ýer­de şä­her gur­lu­şy­gy­nyň nä­dip ama­la aşy­ry­lan­dy­gy ba­ra­da pi­kir­le­ne­ni­ňi duý­man gal­ýar­syň. Dag ge­riş­le­ri­niň ara­sy­na agyr-agyr gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­nyň el­til­me­gi, jo­şup ak­ýan der­ýa­nyň ke­na­ryn­da be­ýik yma­rat­la­ryň ýy­kyl­man dur­ma­gy – bu­lar tä­sin­lik ha­sap­lan­ýar. Şä­her­de 4 gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­dan baş­lap, 30 gat­ly yma­rat­lar bar. Da­şyn­dan dar we ki­çi­jik gö­rün­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan şä­her­­de 300 müň­den gow­rak adam ýa­şa­ýar.
Daş-tö­we­re­gi to­ka­ýa bü­re­nen şä­he­riň meş­hur ýer­le­ri­niň ara­syn­da Meier da­gy, Dou­şa­gu­an sah­na meý­dan­ça­sy, Wu­çi ga­dy­my ýo­ly ýa­ly ýer­ler bar. Ýanszine bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar Hong­da, «New Cen­tu­ry» we «Huayao» myh­man­ha­na­la­ryn­da ga­lyp bil­ýär­ler. Hy­ta­ýyň dar şä­he­ri­ne her ýyl müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy bar­ýar.