Golaýda hytaýly üç kosmonawt kosmos bekedine çykyp, ol ýerde alty aýdan bäri zähmet çekýän kärdeşleri bilen nobatçylygyny çalşypdy. Şonda ilkinji gezek alty hytaý kosmonawty bir wagtda kosmos giňişliginde bolupdy. Ýurduň kosmos maksatnamasynyň çäklerinde kosmos bekedinde dürli ylmy işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 29-njy noýabrynda uçurylan şol bekede kosmos gämisi arkaly iberilen “Arabidopsis thaliana” ösümliginiň gögerip başlandygy mälim edildi. “Shenzhou-15” kosmos gämisi uçurylandan 20 sagat çemesi wagtdan soňra Ýeriň aşaky orbitasyndaky bekede birigipdi. Iberilen tohumlar bekediň “Wentian” laboratoriýasyndaky ekologik synag kabinasyna ýerleşdirilipdi.

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Molekulýar ösümlik bilimleri merkezinde zähmet çekýän Jai Weýmin kosmosyň mikro grawitasiýaly şertleriniň ösümligiň öýjük gurluşyny we işjeňligini nähili sazlaýandygyny öwrenmek üçin “Arabidopsis thaliana” ösümliginden peýdalanýandyklaryny belledi. Hytaýly hünärmenler alty ýyldan bäri bu ugurda zähmet çekip,  ekinleriň hasylyny artdyrmagyň usullaryny gözleýärler.

Hünärmenler kosmos giňişliginde ýetişen hasyly Ýere gaýtaryp getirenden soňra has çuňňur öwrenerler.

Aýgül Berdiýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.