Hytaý ylym we tehnologiýa boýunça ýaş hünärmenlere elýeterli boljak adaty wiza kategoriýalaryna K wizasyny goşar. Bu barada HHR-iň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Go Szýakun habar berdi.
Onuň sözlerine görä, bu täze wiza görnüşi hytaýly we daşary ýurtly ýaş ylmy-tehniki hünärmenleriň arasynda alyş-çalşy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Täze düzgün 1-nji oktýabrda güýje girdi. Bar bolan 12 görnüşli adaty wiza bilen deňeşdirilende, K wizasy alyjylara has köp giriş rugsady, has uzak möhletli bolmak ýaly goşmaça ýeňillikleri hödürlär.
K wiza eýeleri Hytaýa girenlerinden soň bilim, medeniýet, ylym we tehnologiýa ýaly ugurlardaky alyş-çalyşlar, şeýle hem telekeçilik işleri bilen meşgullanarlar. Ýaş, bilim we iş tejribesi bilen baglanyşykly aýratyn talaplardan başga, K kategoriýasyndaky wizalary almak üçin hytaýly iş berijilerden çakylyk hatyny almagyň geregi ýok. Mundan başga-da, arza bermegiň özi hem has ýönekeý bolar.