9-njy martda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary, kiçi komitetiň başlygy Gurbanmyrat Myradalyýewiň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary, hytaý tarapyndan kiçi komitetiň başlygy Gao Çženiň başlyklyk etmeginde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlisiň dowamynda medeni-ynsanperwer we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi hem-de özara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Soňky ýyllarda geçirilen möhüm ikitaraplaýyn çäreleriň netijesinde bilim, medeniýet, arheologiýa we syýahatçylyk ulgamlarynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berlendigi bellenildi.
Taraplar hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» ösüş strategiýasyny «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmak maksady bilen, iki ýurduň halklarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň we özara düşünişmegiň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigini bellediler. Ylym we bilim taslamalary, şeýle hem syýahatçylyk we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar.
Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň çäklerinde köptaraplaýyn diplomatiýa, ilkinji nobatda bolsa «Merkezi Aziýa—Hytaý» formatynyň çäklerinde ynsanperwer ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlyk bellenilip geçildi.
Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, duşuşygyň netijeleri boýunça Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.