2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Saud Arabystanynyň içerki syýahatçylyk girdejileri 225 göterim ösüş gazandy. Bu barada “Saudi Press Agency” habarlar gullugy ýurduň Syýahatçylyk ministrligine salgylanyp habar berdi. Agentligiň habaryna görä, Saud Arabystanynyň Merkezi Bankynyň maglumatlary, hasabat döwründe ýurduň içerki syýahatçylykdan alýan umumy girdejisiniň 37 milliard saud rialyna (takmynan, 9,87 milliard dollar) ýetendigini görkezýär.
Saud Arabystanynyň töleg balansyndaky “syýahatçylyk” bölümi birinji çärýekde 22,8 milliard rialyň profisitini hasaba alan bolsa, geçen ýylyň degişli döwründe, 1,6 milliard rial defisiti hasaba alypdyr. Bu döwürde Patyşalyga 7,8 million töweregi syýahatçy geldi, bu bolsa ýurduň taryhynda iň gowy çärýek görkezijisi boldy. 2019-njy ýyldaky pandemiýadan öňki degişli döwür bilen deňeşdirilende, syýahatçylaryň sany 64 göterim artdy.
Mundan başga-da, Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan şu ýylyň maý aýynda ýaýradylan maglumatlara görä, Saud Arabystanynyň syýahatçylyk pudagyndaky gazanan ajaýyp görkezijileri oňa halkara syýahatçylarynyň sanynyň artyşy boýunça ýurtlaryň dünýä sanawynda ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.
Syýahatçylyk ministrligi bu üstünligi, Saud Arabystanynyň “Görüş 2030” milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurduň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça alyp barýan giň gerimli tagallalary bilen baglanyşdyrdy.